Türkmenistan TOT – Türkmenistan, Owganystan, Täjigistan demirýolunyň özüne degişli böleginiň gurluşygyny dowam etdirýär.
Azerbaýjanyň «Trend» habar gullugynyň türkmen metbugatyna salgylanyp ýazmagyna görä, häzirki wagtda bu demirýol liniýasy Ymamnazar stansiýasyna çenli doly çekilip gutaryldy.
Bu habary Owganystanyň Akgine şäheriniň häkimi Enwer Başlyk hem tassyklaýar.
Ozal habar berlişine görä, TOT demirýoly proýektiniň başky tapgyrynda türkmen topragynda, Atamyrat-Ymamnazar aralygyndaky 85 kilometr aralyga demirýol çekilmeli, soňra bu ýol Ymamnazardan Owganystanyň Anthoý diýen ilatly ýerine – 35 kilometr aralyga çekilmeli.
Türkmen metbugaty TOT demirýolunyň gurluşygy bilen bir hatarda elektrik liniýasynyň hem çekilýändigini, Gülüstan we Ymamnazar stansiýalarynyň infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň alyp barylýandygyny, şeýle-de iki sany uly demirýol köprüsiniň gurulýandygyny habar berýär.
Ýöne Täjigistan TOT demirýolunyň gurluşygy babatda entek ylalaşylmaýan meseleleriň hem bardygyny habar berýär. Täjigistanyň Transport ministri Şeraly Ganjalzodäniň 1-nji awgustda Duşenbede guralan metbugat ýygnagynda aýdan sözlerinden çen tutulsa, resmi Aşgabat TOT demirýolunyň gurluşygyny amala aşyrmak baradaky protokoly henizem tassyklamandyr.
Ganjalzodä türkmen tarapynyň bu mesele baradaky soraga «dokument hökümetiň garamagynda» diýip jogap berendigini aýtdy.
Bu protokol gürrüňi edilýän demirýoluň Owganystanyň üstünden geçmeli dawaly böleginiň ugruny kesgitleýär we oňa Täjigistan we Owganystan baryp 2014-nji ýylda gol çekdi diýip, täjik resmisi žurnalistlere gürrüň berdi.
Türkmen metbugaty Owganystana çekilýän demirýoluň ýurduň gündogaryndaky senagat proektleri, hususan-da kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň gurulmagy bilen aýratyn uly ähmiýete eýe boljakdygyny belleýär.
"Owganystanda bilelikdäki infrastruktura proektleriniň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetine kuwwatly itergi berer, sosial meseleleriň çözgüdine ýardam berer diýip, türkmen metbugaty belleýär.
Owganystanyň Akgine şäheriniň häkimi Enwer Başlyk, eger gurlup ulanmaga berilse, bu demirýoluň peýdasynyň uly boljakdygyny, sebäbi häzir Türkmenistandan gelýän ýükleriň ýük maşynlarynda getirilýändigini aýdýar.
Enwer Başlyk Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde bu demirýoluň Owganystanyň üstünden Täjigistana çekiljek böleginiň hem uly tranzit girdejisini getirjekdigini, halk üçin täze iş ýerleriniň dörediljekdigini we bu işiň gowy garşylanylýandygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, Täjigistan TOT proýektiniň durmuşa geçirilmän galmagynyň sebäpleriniň biriniň Owganystandaky durnuksyzlyk bilen baglydygyny aýdýar.
Mundanam başga, Täjigistanyň demirýol edarasynyň başlygynyň orunbasary Usman Kalandarow TOT proektiniň maliýe meselesiniň çözülmeýändigini, Aziýa ösüş bankynyň, ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, TOT-y maliýeleşdirmegi yza tesdirýändigini aýtdy.
Aziýa ösüş banky ozal bu proýekte 9 million dollar goýberipdi.