Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmen tarapy TAT boýunça protokola gol çekmedi'


Täjigistanyň transport ministri Şerali Ganjalzoda
Täjigistanyň transport ministri Şerali Ganjalzoda

Türkmen hökümeti Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TAT) demirýolunyň gurluşygyny durmuşa geçirmek baradaky protokoly henizem tassyklanok diýip, Täjigistanyň transport ministri Şerali Ganjalzoda 1-nji awgustda Duşenbede geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Ganjalzoda žurnalistlere “Biz bu mesele dogrusynda olara ýüz tutanymyzda, dokument hökümetiň garamagynda diýip, jogap berýärler” diýip mälim etdi.

Täjik resmisiniň sözlerine görä, Täjigistanyň we Owganystanyň arasynda 2014-nji ýylda gol çekilen bu dokument demirýoluň Owganystanyň üstünden geçjek dawaly böleginiň ugruny kesgitleýär.

Şerali Ganjalzoda Täjigistanyň 160 kilometrlik gysga marşruty, Owganystanyň 500 kilometrlik uzyn marşruty teklip edendigini belledi we taraplaryň öz arasynda ylalaşmagy başaryp, protokoly Türkmenistanyň garamagyna tabşyrandygyny habar berdi.

“Biz demirýoluň gurluşygy boýunça iki ýoly teklip etdik. Olardan biri, has uzyny Gunduzyň we Mazary-Şerifiň üstünden geçýär. Teklip edilen beýleki ýol Täjigistanyň Aýwadža atly ýerinden Owganystanyň Heroton diýen ýerine barýar. Bu protokola Täjigistan we Owganystan tarapyndan eýýäm gol çekildi we Türkmenistana iberildi. Emma, gynansak-da, türkmen kärdeşlerimiz bu protokola gol çekmediler. Türkmenistan protokola gol çekse, proýekt hakykylyk alar” diýip, Şerali Ganjalzoda aýtdy.

TAT gurluşygy

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň prezidentleri TAT demirýoluny gurmak baradaky memoranduma 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda gol çekipdiler we 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda bu gurluşygyň düýbi tutulypdy.

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan demirýoluň öz giňişliginden owgan serhedine çenli 85 kilometrlik Atamyrat-Ymamnazar böleginiň gurluşygyny doly tamamlandygyny we ýakyn wagtda onuň Owganystanyň Akina atly ýaşaýyş nokadyna çenli üç kilometrlik böleginiň üstündäki işleriň başlanjagyny yglan edipdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda gurluşygyň indiki tapgyrynda demirýoluň 38 kilometrlik Ymamnazar-Anthoý böleginiň gurluşygynyň planlaşdyrylýandygy mälim edilipdi.

Türkmen hökümeti Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň gurluşygynyň özüniň ileri tutýan meseleleriniň biridigini aýdýar. Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 26-28-nji iýunda Owganystana eden saparynyň dowamynda proýektiň Türkmenistan üçin ähmiýetini nygtasa-da onuň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda haýsydyr bir özara ylalaşylmadyk meseleleriň bardygy hakda dil ýarmady.

Howpsuzlyk we maddy üpjünçilik

Ýaňy-ýakynda Täjigistan TAT proýektiniň durmuşa geçirilmän galmagynyň sebäpleriniň biriniň Owganystandaky durnuksyzlykdygyny mälim etdi. 26-njy iýulda Täjigistanyň demirýollarynyň başlygynyň orunbasary Usmon Kalandarow biz demirýoluň öz bölegimiziň gurluşygyna başlamaga taýýar emma bar zat Owganystana bagly diýdi. Şeýle-de, Kalandarow demirýoluň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň maliýe üpjünçiligini öz üstüne alan Aziýanyň ösüş bankynyň ýurduň howpsuzlyk problemasy sebäpli proýektiň gatnaşygyny yza tesdirendigini belledi.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektiniň tehniki-ykdysady delillendiriş işlerine 9 million amerikan dollaryny çykaran Aziýanyň ösüş banky geçen dekabr aýynda bu proýekti goldamak işini häzirlikçe ýatyrýandygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG