Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan ‘ýaramaz syýasatyndan’ yza çekilýär


Polşanyň prezidenti Andrzej Duda (sagdan birinji), Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan (sagdan ikinji) we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg. 8-nnji iýul, 2016 ý.
Polşanyň prezidenti Andrzej Duda (sagdan birinji), Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan (sagdan ikinji) we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg. 8-nnji iýul, 2016 ý.

Ýekşenbe güni ukudan oýanyp, ertirlik edinip otyrkam, adatça, Twitterdäki habarlara göz aýladym. Türk saýtlaryna, žurnalist kärdeşlerimiň sosial ulgamdaky hasaplaryna seretdim.

Bu günler-de, ýygy-ýygydan bolşy ýaly, "Yslam döwleti" topary, "Kürdüstanyň işçiler" partiýasy (PKK) we onuň Siriýadaky şahamçalaryna garşy alnyp barylýan harby we howpsuzlyk kampaniýalary barada gürrüň edilýär.

Ýol hadysalary, oraza baýramçylygyny sowup, yzlaryna dolanyp gelýän adamlar hakda hem köp zatlar bar.

Prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň Türkiýeden başpena alan "siriýaly doganlarymyza" türk graždanlygyny bermek baradaky pikiri hakda hem aşa köp zatlar ýazylýar.

Meni Erdoganyň 8-9-njy iýulda Warşawada geçen NATO sammitine gatnaşmagy baradaky maglumatlar gyzyklandyrýardy. Ýöne bu hakda hiç bir zat tapyp bilmedim.

Erdogan sammite ugramazdan öň, NATO-dan Türkiýäni we onuň "Yslam döwleti" toparynyň, PKK-nyň garşysyna alyp barýan söweşini unutmazlygy haýyş edipdi.

Diňe bir ýerde NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň (Jens Stoltenberg) Türkiýäni Howadan öňünden habarly etmek we gözegçilik - AWAKS uçarlary bilen üpjün etmegi wada edendigi aýdylýar. Ýaranlygyň baş sekretary "Yslam döwletine" garşy alnyp barylýan kampaniýany güýçlendirmek üçin hem Yraga köpräk harby türgenleşdiriji iberiljekdigini bildiripdir.

​Diýmek, Orsýet, Ukraina we Ýewropa meseleleri, şol sanda "Breksit" bilen başagaý NATO Orta Gündogaryň aladasyny edere wagt tapmandyr. Ýaranlyk bu region bilen, bu bolmanynda-da, o diýen gyzyklanyp baranok.

Türkiýe hem geografik hem-de syýasy taýdan hemişe hem Gündogara hem-de Günbatara çalym edip geldi. Soňky alty ýyllykda bolsa, ol Ýakyn Gündogar ýurduna öwrüldi. Ýöne muny Türkiýäniň NATO ýaranlygyna giren ýyly bolan 1952-nji ýyldan 2010-njy (Erdoganyň häkimiýet başyna geleninden 8 ýyl soňra) ýyllaryň aralygyndaky döwür barada aýdyp bolanok.

Erdoganyň deslapky ýyllary

Erdoganyň häkimiýet başyndaky deslapky ýyllarynda bir giden hadysalar boldy. Ony Günbatardan arany açmaga iteren şu hadysalar bolan bolsa gerek.

Onuň häkimiýet başyna gelmegi şowsuz döwre, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkiýäniň goňşusy Yraga çozup, ol ýerdäki režimi üýtgetmäge taýýarlyk görýän ýyly bolan 2002-nji ýyla gabat geldi.

Türk parlamenti amerikan goşunynyň Yraga çozmakda Türkiýäniň territoriýasyndan peýdalanmagyna rugsat etmedi. Şeýlelikde, Günbatar bilen Türkiýäniň arasynda birek-birege ynamsyzlyk döwri başlandy. Erdoganyň yslama eýerýän geçmişi we ritorikasy hem bu ynamsyzlygy güýçlendirdi.

Ondan soňra Erdoganyň hökümeti hem Yraga basylyp girilmegine, hem-de Liwiýanyň bombalanmagyna garşy çykdy. Bu operasiýalaryň ikisi-de ýüz müňlerçe adamynyň ölmegine, millionlarça adamyň öý-owzaryndan jyda düşmegi we bu iki ýurtda infrastrukturanyň bütinleý dargamagyna getirdi.

Erdoganyň bu işe goşulmazlyk bilen dogry işi edendigini soňraky faktlar, şol sanda Britaniýanyň Yraga edilen çozuşa gatnaşmagy boýunça golaýda çykaran Çilkot hasabaty-da görkezdi.

Müsürde "Arap bahary" protestleri döwründe geçirilýän demonstrasiýalaryň biri.
Müsürde "Arap bahary" protestleri döwründe geçirilýän demonstrasiýalaryň biri.

Erdoganuň ýüzüni Gündogara tarap öwürmegini "Arap bahary" hem güýçlendirdi. Orta Gündogaryň arap ýurtlarynda adamlar köpçülikleýin köçelere dökülip, öz ýurtlaryndaky korrumpirlenen, awtoritar režimlere garşy protestler geçirdiler.

Ol wagtlarda Yrakda Saddam Husseýin eýýäm agdarylyp, ýurt bulagaýlyga düşüpdi. Indi Siriýada Başar al-Assadyň we Müsürde Hosni Mubaregiň tahty yranýardy. Erdogan bu režimler çöken halatynda Türkiýe ol ýerlerdäki ýagdaýdan peýdalanar diýip pikir eden bolsa gerek.

Erdoganyň Osman Imperiýasy baradaky nostalgik garaýyşa boýalan şahsy, milli we dini romantizmini-de bir faktor hökmünde görkezip bolar.

Erdoganyň düşünjesine täsir eden ýene bir faktoryň soňradan duşmana öwrülen öňki ýarany Fethullah Güleniň tarapdarlarynyň ýurt içinde turzan goh-galmagaly bolmagy-de mümkin. 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda Birleşen Ştatlardan başpena alan bu ruhany we onuň goldawçylary Erdogan häkimiýet başyna gelmezden öň-de Türkiýäniň goşunyna, polisiýasyna, magaryf we sud sistemasyna, aýratyn-da, habar serişdelerine assyrynlyk bilen aralaşypdylar.

Erdoganyň tutumynyň şekillenmeginde kürt pitneçiliginiň-de bir rol oýnan bolmagy ähtimal.

Ýöne dogrusyny dogry aýtmaly, Erdogan häkimiýet başyna gelende türkler bilen kürtleri barlyşdyrmagy maksat edinmedik däl. Bu ugurda ilkinji ädimleri äden şol boldy.

Ýöne kürt intellektuallarynyň-da aglabasynyň boýun alşy ýaly, PKK-nyň 32 ýyllap türk döwletine we goşunyna garşy alyp baran we türklerde hem kürtlerde on müňlerçe adamynyň ölümine sebäp bolan urşy PKK we onuň syýasy ganaty bolan "Halk demokratik partiýasy" (HDP) açyk ýazgarmaga meýil görkezenok.

Ýoluny üýtgeden syýasat

Erdogan käbir babatlarda öz ugruny üýtgetdi. Garşydaşlary barada, onuň dili we äheňi agressiwleşdi, hatda gödekleşdi. Ol tankyda, şol sanda öz partiýasynyň içindäki tapawutly garaýyşlara-da çydamlylyk görkezmedi.

Bu 2010-2011-nji ýyllarda boldy. Erdoganyň muňa Günbataryň işjeň goldawy bilen halkara ugruna ýykgyn etmek diýip düşünen bolmagy mümkin.

Muny onuň käbir toparlary we hereketleri goldap, edýän joşgunly çykyşlary aýdyň görkezýärdi. Soňra bolsa bu toparlaryň köpüsiniň zorluga daýanýan yslamçy toparlardygy ýüze çykdy. Erdogan özüniň köne dostlary bolan Assadyň we Mubaregiň düşmanlaryna mümkin bolan, kähalatda hem, kontrolsyz goldaw bermek kararyna geldi.

Onuň daşary syýasaty weýrançylykly ugra gönükdi. Türkiýe öz goňşularyndan, regiondaky beýleki ýurtlar bilen däp bolup gelýan gatnaşyklardan daşlaşdy.

Türkiýäniň we Orsýetiň prezidentleri.
Türkiýäniň we Orsýetiň prezidentleri.

2010-njy ýylda Palestina meselesinde Erdogan Ysraýylyň prezidenti Şimon Perese hüjüm etdi. Ysraýyly "palestinaly ýaşlary rehimsizlik bilen wagşylarça gyrýanlykda" aýyplady. Ol diňe munuň bilen çäklenmän ýewreý döwleti "Gitlerden gowy däl" diýdi.

Ol soňra 2011-nji ýylda Ortaýer deňzinden aşmak we gämiler bilen Gaza gumanitar kömek ýetirmek arkaly türk döwlete degişli däl yslamçy toparlaryň Palestinanyň gabawyny böwüsmek baradaky synanyşygyny gytaklaýyn goldady.

Ysraýylyň ýaragly güýçleri gämilere bolsa hüjüm edip, 9 türk raýatyny öldürdiler we Gazanyň ýoluny bagladylar. Netijede türk-ysraýyl gatnaşyklary aşa ýaramazlaşyp, iki tarapdan-da berilýän duşmançylykly beýanatlar berildi.

Erdoganyň hökümeti 2011-nji ýyldan başlap, Assady agdarmak maksady bilen Siriýadaky gozgalaňçy toparlara berýän ähli goldawyny güýçlendirdi. Türkiýe Assada garşy, şeýle hem biri-birlerine garşy ýaragly siriýaly we siriýaly däl toparlaryň yza çekilere howpsuz ýatagyna öwrüldi.

Damask režimi, ilkinji nobatda, Orsýet bilen Eýranyň goldawy bilen aýak üstünde galmagy başardy.

Ekstremistik toparlar bolsa, özlerine täze agza tapmak, ýarag we pul çeşmesi hökmünde Türkiýeden peýdalanmagy dowam etdirdiler. Olar Türkiýä gaçakçylyk etmek, keselhanalarda bejergi almak ýa-da dynç alyş üçin gelýärler.

Ankara iň soňunda düşündi...

Indi maşgalasy Türkiýede bolup, özi Siriýada söweşýän köp sanly gozgalaňçy bar. Olaryň käbiri siriýaly bolsa, käbirleri beýleki arap ýurtlaryndan, Orta Aziýadan we Demirgazyk Kawkazdan. Bu gozgalaňçy toparlar "al-Nusra" frontuny-da öz içine alýar. Onuň "al-Kaýda" hatda "Yslam döwleti" atly topar bilen hem ilteşigi bar. Bu topar soňky wagtlarda özüni myhman edinen Türkiýäde garşy çykdy.

Ozal bu toparlar serhediň aňyrsyndaky etraplarda kürt pitneçilerine-de garşy uruş alyp bararlar diýip umyt eden Ankara PKK bilen "Yslam döwleti" toparynyň özüniň durnuklylygyna çynlakaý howp bolup durýandygyna ahyrsoňy düşündi.

Orsýet Assady goldamak üçin Siriýada barýan söweşlere işjeň goşulanyndan soňra ýagdaý has-da ýaramazlaşdy. "Şeksiz ýeňşiň" gyrasynda bolan Türkiýe noýabr aýynda siriýa-türk serhedinde Orsýetiň "Su-24" söweş uçaryny urup ýykdy. Uçaryň piloty Türkiýäniň tarapyny çalýan söweşijiler tarapyndan atylyp öldürildi.

Bu wakadan soňra Türkiýeniň "köne goňşusy we dosty" Orsýet we onuň prezidenti Wladimir Putin bilen hem gatnaşyklary sowady. Ors lideri gatnaşyklaryň ählisini diýen ýaly doňduryp, jezalaýyş çärelerini gördi. Türk turizmi we türk önümleri boýkot edildi. Putin Erdogandan ötünç soramagy talap etdi.

Türkiýede Erdogan bu işi eder diýip, hiç kim pikir etmeýärdi. Ýöne 27-nji iýunda bir "gymyldy" bolup, şol bir wagtda diýen ýaly, hem Ysraýyl hem-de Orsýet bilen bolan gatnaşyklarda çalt hem täsirli öwrümler boldy.

Ysraýyl bilen gatnaşyklar kadalaşyp ugrady. Premýer-ministr Benýamin Netanýahu flotiliýa hadysasyndan iki ýyl soňra Erdogana ötünç sorap hat iberipdir. Aýdylyşyna görä, birnäçe wagt bäri özara gepleşikler-de barýar.

Orsýet babatda hem Erdogan Putine ötünç hatyny iberip, "Türkiýe bilen Orsýet arasyndaky gatnaşyklaryň mümkin boldugyça çalt dikeldilmegini" umyt etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmileriniň salgylanmagyna görä, Müsür bilen hem gatnaşyklary gowulandyrmak barada tagalla edilýär. Ýöne Erdoganyň "Musulman doganlygynyň" administrasiýasyny agdaran harbylar baradaky gelşiksiz sözlerini göz öňüne getireniňde bu aňsat bolmajaga meňzeýär.

Ankaradan syzyp çykan maglumatlarda Erdoganyň indi Siriýa çözgüdini-de, ilki Assad häkimiýet başyndan gitmeli diýen şerti goýman, kabul etmäge taýyndygy aýdylýar. Aslynda bolsa, Türkiýe bilen Günbataryň esasy talaby onuň häkimiýet başyndan gitmegidi.

Bu öwrümlere näme zat sebäp bolduka?

Biz muňa diňe çen-çaka ýüz urmaly bolýarys. Ýöne görkezilýän sebäpler welin ýok däl. Bularyň biri Türkiýede aşa zerur bolan turizm sektorynyň dikeldilmegi üçin gyssagly çäreleriň zerur bolandygy. Bu sektoryň çalt aşaklamagynyň Erdoganyň halkyň arasynda hemişe ýokary bolan abraýyna zyýan ýetirip bilýär.

Ankara indi ýurduň birinji derejeli problemasyna, ýagny kürt pitneçiligi, şeýle hem "Yslam döwleti" atly jeňçi toparyň terrorynyň türk topragyna aralaşmagyna garşy regionda mümkin bolan döwletler bilen bileleşip bilýär.

Erdogan indi dogrudan türk daşary syýasatynyň "öňki gowy döwürlerine" dolanyp, goňşularynyň içeri işlerine garyşmakdan saklanarmyka?

Regionda alty ýyllap duşman üstüne duşman gazanyp, indi-de olar bilen dostlaşmaga synanyşýan Erdogan öz garşydaşlary we geçen 14 ýyllykda saýlawçylaryň özüne ses bermedik takmynan 50 prosenti bilen hem ýaraşyk etmäge başlar diýip umyt etmeli. Gündelik "Hürriýet" gazetiniň synçysy Ertugrul Özkök aýtmyşlaýyn "Adamlar bilen oňuşmakdan zyýan çeken ýok".

XS
SM
MD
LG