Türkmen telewideniýesi 29-njy iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň tutuş ýurt boýunça baýram edilendigini habar berip, onuň adyna gutlag sözlerini aýtdy.
Şeýle-de telewideniýe ýurduň çar künjeginde prezidentiň doglan güni mynasybetli guralan dabaralar, aýdym-sazly çäreler hakynda habar berýär, olara ilatyň uly agzybirlik bilen gatnaşandygyny tassyklaýar.
Emma bu ýyl prezidentiň doglan güni mynasybetli daşary ýurtly aýdymçylaryň gelendigi aýdylmaýar.
Azatlyk radiosynyň prezident Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli açan forumyna gatnaşan okyjylar, döwlet eýeçiligindäki resmi metbugatda beýan edilýän minnetdarlyk, alkyş sözlerinden tapawutlylykda, başgaça pikirleri hem aýdypdyrlar.
Mysal üçin, özüne "Mençestr" diýen at beren okyjymyz «Haçan işiňi taşlajak, biz senden ýadadyk, sen ýeriňi başga birine ber, sen halky işsiz etdiň, seniň bar aladaň diňe özüň, kelläňde halk barada pikir ýok...» diýip ýazýar.
Emma "Anonim" atly okyjymyz «Arkadaga şöhrat» diýipdir. Garyp atly okyjymyz bolsa şeýle teswir galdyrypdyr: «Bä, ýaşyň uzyn bolsun, Gurbanguly! Gaýrat edip, biz ýaly garyplara göz aýla, bazara barsaň, zatlar gymmat. Satyjydan sorasaň, 1 dollar 6 manat boldy diýýä.... Seredeňokmy halkyň hal-ýagdaýyna?» diýip, Garyp soraýar.
Ýöne özüne "Patriot" diýip at beren okyjymyz başga pikirde. Ol prezidente berk jan saglyk, uzak ömür dilemek bilen, soňundan ony tankytlaýanlara ýüzlenýär:
«Pursatdan peýdalanyp, size hem bir dilegim bar: Bu hem öz eziz watanyňyzy tankytlamagyňyzy bes edip, günäleriňize toba edip, dogry ýola düşmegiňizdir.» Şeýle-de Patriot Oraza aýy dilegleriň kabul bolýandygyny ýatladýar.
"Türkmen" atly okyjymyz bolsa prezidentiň doglan gününde ýurtda giň ýaýrandygy aýdylýan para, korrupsiýa meselesini gozgaýar.
«Hormatly Prezidentimiz, döwletimiziň gülläp ösmesi üçin gaýrat edip para (korrupsiýany) ýok ediň. Hassahanalarda, döwlet edaralarynda, ýolda (Gaişnikler), aeroportda, hatda türmä düşseňem - her ýerde para-pul isleýärler. Şo para meselesini ýok edip bilseňiz, halkymyz Sizden razy bolar...»
Şeýle-de ol ýurtda giňden hususylaşdyrma geçirmäge, aýlyklary köpeltmäge, Hytaý, Singapur ýaly ýurtlardan görelde almaga, döwlete adalat getirmäge çagyrýar.
Emma özüne Singapur diýip at beren okyjymyz Singapur ýaly döwletleriň taryhynda hem diktatura ýolundan gidilen ençeme ýylyň bardygyny ýatladyp, şeýle dolandyryş usulynyň hem zerurdygyny aýdýan analitikleriň bardygyny öňe sürýär.
«Nesip bolsa, ähli zat gowy bolar» diýmek bilen, Singapur atly okyjymyz prezidente «has watançy we ynamdar,daşary ýurtlarda okap, işläp tejribe gazanan adamlary öz ugurlary boýunça işe bellemegi» maslahat berýär.
Mähri Mähri atly okyjymy bolsa prezidentden halky kösemezligi soraýar.«Gaýrat et-de, halkyňy kösemäňi goý! Olimpiýada ýa bolmasa diňe gurluşyk üçin pul çykaryp, halkyňy barly ýerden barsyz etme!» diýip, Mähri ýazýar.
Azat Aga atly okyjymyz «Başga ýurtda-da prezidentler bar, doglan gün gutlap, kitap ýazyp ýörenok, 3-5 sanjak türkmen galdy ýurtda, olaň durumy gowulaşsyn” diýipdir.
Merdan Bally atly okyjymyz forumda: «Ne derseňiz diýiň, çünki biziň başymyza täçdir» diýip, tankydy pikir edýänlere garşylyk bildiripdir.
Aman Eminow bolsa pikirini aýtmakdan saklanypdyr:
«Remezan aýynda küpür gepleşmezlige çalyşýaryn, şu sebäpden hiç bir zat diýmeýärin» diýip, ol prezident Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli açylan foruma ýazan teswirinde aýdypdyr.
Hormatly diňleýjiler, bu forumda pikirini aýdan okyjylar başga-da kän we olary özüňiziň okamagyňyza, belki-de söhbete goşulmaga çagyrýarys.
Şeýle-de bu ýerde aýdylan pikirleriň Azatlygyň resmi pozisiýasy bilen dahylynyň ýokdugyny ýatladýarys.