Soňky günleriň dowamynda Türkmenabadyň telekeçileri garaşylmadyk barlaglar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan dükançylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenabadyň Salgyt gullugynyň işgärleri hususy eýeçilikdäki dükanlara aýlanyp, dürli dokumentleri soraýarlar.
Salgyt inspektorlarynyň ýanynda Aşgabatdan gelendigi aýdylýan ýokary wezipeli hökümet işgärlerem bar. Salgyt inspektorlarynyň dükandarlara, salgyt inspektorlarynyň öz işine bolsa olaryň ýanyndaky paýtagtdan gelen şol ýokary wezipeli adamlaryň gözegçilik edýändigi aýdylýar. Görnüşine görä, alada juda çynlakaýa meňzeýär.
“[Öňler] salgyt inspektorlary gelenlerinde, bize jerime salmaýardylar, olar kemçiliklerimizi aýdyp, olary düzetmegi talap edip, ylalaşyp gidýärdiler. Bu gezek bolsa näme sebäpdendir uly jerime salýarlar, maňa salnan jerime dükanymyň bahasyndanam ýokary” diýip, özüni Hanmyrat diýip tanadan 50 ýaşlaryndaky telekeçi aýdýar.
Hanmyradyň şäheriň çeträgindäki sebitleriň birinde kiçeňräk dükany bar, ol şol töwerekdäki hojalyklary gündelik harytlary bilen üpjün edýärdi. Ol onuň ýeke-täk eklenç çeşmesi. Bu jerimeden soň ol dükanyny ýapmaly boldy.
Hanmyradyň dükany salgyt patenti bolmanlygy üçin ýapylan bolsa, bu ýerde dükanlary ýapylmadyk, emma oňa derek agyr jerime tölemeli edilen telekeçilerem bar.
Uçdantutma
Gök bazarynda gök önüm söwdasyny edýän we özüni Narhal diýip tanadan 50 ýaşlaryndaky aýal özüne 100 manat jerime salnandygyny aýdýar, bu bolsa, onuň öz sözlerine görä, onuň azyndan bäş günlük gazanjyna deň.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir dükan eýeleri, ýagdaýa görä, salnan jerimeleriň 100-4000 manat aralygyndadygyny aýdýarlar. Telekeçiler bu hili uçdantutma barlaglaryň mundan ozal Türkmenabat şäherinde hiç haçan bolmandygyny aýdýarlar.
Garaşylmadyk ýagdaýda başlanan şol barlaglarda esasanam telekeçiniň patenti, satýan harytlarynyň lisenziýasynyň barlygy ýa-da ýoklugy, salgyt töleginiň kadaly tölenip-tölenmänligi bilen gyzyklanylýar, we şol meseleler boýunça telekeçiden takyk dokumentler talap edilýär.
“Inspektorlar düşünmeýärler”
Göräýmäge, kadaly ýaly bolup görünýän bu talaplaryň bulaşyklyk döredýän ençeme ugry bar.
“Edip ýören söwdaň çaga eşikleri bolsa, gyrasyndan çaga gerekli oýunjak ýaly önümlerdenem ýek-tük getiraýäň, iki-üç sany oýunjak bar diýip, onuň üçin ýörite lisenziýa almaýaň, emma bu ýagdaýa inspektorlar düşünmeýärler” diýip, özüni Ylham diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly söwdagär Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Dükanynda satuwa hödürlenen her önüm üçin aýratyn lisenziýa açdyrmaklyk we hersine aýratyn salgyt tölemeklik bolsa telekeçiler üçin agyr düşýär. “Emma salgyt sistemasyndaky bu kemçilikleri aýtsaň, gepiňi diňleýän adam ýok” diýip, Ylham zeýrenýär.
Harytlar daşary ýurtdan getirilýär
Türkmenistana haryt giren wagty telekeçiler bilen soňky alyja çenli haryda ençeme gezek salgyt salynýar. Bu salgytlaryň ilkinjisi gümrükhanalarda töledilýär, soňra bolsa harydyň möçberi üçinem salgyt tölenýär we iň soňunda satylan harydyň girdejisinden hem salgyt tölenýär.
Türkmenistanda telekeçilere salynýan salgytlaryň möçberi uly bolmasa-da, harytlaryň aglabasy daşary ýurtlardan getirilýär, şeýlelikde her haryt alyjynyň eline degýänçä üç gezek salgytdan geçýär, bu hem onuň bahasyna mazaly täsirini ýetirýär.
Eger-de etrapdyr welaýatlarda adamlaryň nagt pula däl, kähalatlarda nesýe söwda edýändigi hem göz öňünde tutulanda, dükan eýeleri üçin köptaraplaýyn çykgynsyz ýagdaý döreýär.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan telekeçiler salgyt inspektorlarynyň häzirki alyp barýan işleriniň bu ýagdaýy hasam çykgynsyz agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlar.
Bellemeli zat, edil häzirki wagtda näme sebäpden salgyt inspektorlarynyň şeýle barlaglary alyp barýandygy barada halka hiç hili maglumat berilmeýär. Telekeçiler hem bu barada özlerine açyk düşündiriş berilmeýändigini aýdýarlar.