Türkmen telewideniýesi çarşenbe güni neşe gaçakçylygynda tutulan ondan gowrak raýaty görkezip, olaryň eden bikanun işlerine ökünýändiklerini habar berdi.
Bu telehabar türkmen prezidentiniň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçiren wagtyna, şeýle-de ýurtda çilimkeşlige garşy göreşiň bir aýlygynyň başlanmagyna gabat geldi.
Gepiň gerdişine aýdylsa, bu bir aýlyk «Saglyk we bagt» aýynyň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmen telewideniýesiniň habarynda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň mejlisinde «bikanun neşe söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy göreşi birjik-de gowşatmazlygy» tabşyrypdyr.
Şonuň bilen bir wagtda, türkmen metbugatynda ýurtda bikanun neşe maddalarynyň ulanylyşy we oňa bolan islegiň derejesi, neşe maddalaryna garaşly şahslara berilýän fiziki we ruhy kömek, tutulyp saklanylýan neşe maddalarynyň umumy möçberi, bikanun neşe söwdasynda tutulyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilýän raýatlaryň, şeýle-de bu işe ikinji, üçünji gezek baş goşýan adamlaryň sany barada anyk maglumatlar berilmeýär.
Ikinji tarapdan, bikanun neşe söwdasynda tutulandygy aýdylýan 13 raýatyň içinde, familiýalaryndan çen tutulsa, alty sany dogan-garyndaş, ýagny bir maşgalanyň agzalary bar.
Şeýle-de, biraz öň Türkiýede hem ýigrimiden gowrak türkmenistanlynyň neşe söwdasynda tutulandygy, Türkmenistandan gelen ulagdan 200 kilogramdan gowrak neşe tapylandygy barada habarlar çykypdy.
Ýöne muňa garamazdan, resmi habarda neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy milli maksatnamanyň «üstünlikli durmuşa geçirilýändigi», ýurtda bikanun neşe söwdasyna «orun ýokdugy» nygtalýar.
Türkmen telewideniýesiniň bikanun neşe söwdasy barada efire beren soňky habarynda 13 adamyň, on erkegiň we üç aýalyň atlary tutulyp, olaryň toba edişleri görkezilýär. Şeýle-de olar telewideniýede «haram pişä baş goşan», «betnebislige ýugrulan ýaman pälli näkesler», «naýynsaplar» hökmünde häsiýetlendirilýär.
Resmi tassyklama görä, bu raýatlar «aýratyn uly möçberdäki neşe serişdelerini» Türkmenistanyň çägine geçiripdirler.
Ady agzalan raýatlardan «aýratyn uly möçberde tirýek, neşe serişdesi we neşe serişdesinden toplanan emläkler alyndy" diýip, habarda bellenilýär.
Emma hakykatda näçe kilo neşe maddasynyň tutulyp alnandygy, ol neşe maddalarynyň nähili ýagdaýda ýurda getirilendigi we nähili anyk şertlerde saklanandygy barada, näme üçindir, maglumat berilmeýär.
Şeýle-de habarda bu hili işe baş goşýanlaryň «iki-ýekedigi» birnäçe gezek nygtalýar.
Telewideniýede eden işine ökünýän adamlar hökmünde görkezilýän şahslaryň sud edilendigi ýa edilmändigi, olara haýsy anyk jenaýat üçin näçe iş kesilendigi aýdylmaýar. Ýöne olar telewideniýäniň diktory tarapyndan «jenaýatçylar» diýlip atlandyrylýar we «bikanun ýol bilen edinen emläkleriniň gozgalmasyz edilendigi» habar berilýär.
Şol bir wagtda «Türkmenistan altyn asyr» saýtynyň 4-nji maýda rus dilinde çap eden habarynda aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän neşe gaçakçylary ýakynda ele salnypdyr we olaryň işi boýunça derňew çäreleri geçirilýär.
Türkmenistanda neşe maddalary bilen bir hatarda çilim gaçakçylygyna garşy hem göreşilýändigi aýdylýar.
«Türkmenistan.ru» internet gazetiniň ýazmagyna görä, 4-nji maýda Aşgabatda çilimkeşlige garşy göreşiň bir aýlygy başlandy we bu çärä bagyşlanyp «Aşgabat» teatrynda jemgyýetçilik aksiýasy geçirildi.
Çärä gatnaşýan uly adamlara çilimiň zyýany hakynda maglumat berýän materiallar, ýaramaz endikden saplanmaga çagyrýan ýazgyly köýnekler, çagalara bolsa oýunjak we süýji-köke paýlanypdyr.
Şeýle-de ol ýerde lukmanlaryň myhmanlaryň saglyklaryny barlap, maslahat-geňeş berendikleri aýdylýar.