Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Milli bölünişik - Din (2-nji bölüm)


Türkiýe, alewiler namaz wagtynda ybadat edýärler. Stambul, 3-nji aprel, 2008.
Türkiýe, alewiler namaz wagtynda ybadat edýärler. Stambul, 3-nji aprel, 2008.

Türkiýäni bölýan esasy zat din däl, 32 ýyldan hem köp wagt bäri dowam edip gelýän etniki-harby konfrontasiýa bolan türk-kürt konflikti.

Ýöne türk jemgyýetiniň iki uly böleginiň arasynda esasy dini deňsizlik bar. Dartgynlylyk döredip, etniki konflikti güýçlendirmek bilen ýurduň durnuklylygyna ýiti howp abandyrmak mümkinçilikigine eýe bu deňsizlik - yslamyň sünni we alewi mezheplerine uýýanlaryň arasyndaky dawa-jenjel.

Bu oňuşmazlyk 17-nji asyrda Ýewropada katolikler bilen protestantlaryň arasynda bolan uruşlara meňzemän durmasa-da, edil onuň ýaly däl.

Sünni-alewi konflikti 500 ýyl mundan ozal başlandy. 1500-nji ýyllaryň başlarynda Osmanly imperiýasyndaky alewiler ýurduň gündogar goňşusy şaýy mezhebine berk ynanýan we bu mezhebi Eýranda yslamyň resmi mezhebine öwüren Eýran safawitleriniň tarapyny çaldylar.

Döwrüň iki regional "super güýçleriniň" arasyndaky uruşlarda türk alewileri eýranlylary berk goldap, safawitleriň häkimiýet başyna gelmegine kömek etdiler. Eýranda olara ideologik we harby taýdan tälim-terbiýe berildi, soňra hem Osmanly imperiýasynda sosial topalaň döretmek üçin yzlaryna iberildiler. Osmanly imperiýasynyň goşuny bilen regional tire-taýpalar pitneçi alewileri "şaýy Eýranyň dinden çykan agentleri" diýip, öldürenlerini öldürdiler, öldürmediklerini hem sürgün etdiler. On müňlerçe alewi Eýrana göçüp gitdi. Eýranly kürtleriň hem uly toparlary Osmanly imperiýasyndan başpena we goldaw tapdylar.

Taryhda bolan ilkinji sünni-şaýy/alewi konfrontasiýasy şeýle. Ýöne onuň sarsgyny soňraky asyrlarda-da ýatmady.

Sopyçylyk taglymatyna ýa mistika eýerýän şaýy musulmanlar bolan alewiler türkleriň aglaba köplügi ýaly sünni däl. Olar musulman dünýäsini dolandyrmak üçin Muhammet pygamberden soňra iş başyna geçen dört çaryýaryň dördünjisi bolan Alynyň yzyna eýerijiler. Alewiler dört çaryýaryň dördüsini-de ykrar edýän sünnilerden tapawutlylykda, deslapky üç çaryýaryň Alynyň kanuny hakyny köýdürip, bikanun iş başyna geçendiklerine ynanýarlar. Olaryň özlerini alewiler diýip atlandyrmagynyň sebäbi şeýle.

Siriýaly alewilere Günbatarda köplenç "Alawites" diýilýär.

Dünýäniň 1.6 milliard çemesi bolan musulman ilatynyň 85 prosente golaýyny düzýän sünniler. Şaýylar bolsa bu sanyň takmynan 15 prosenti. Iň uly şaýy iltatly ýurt hem Eýran.

78 million ilatly Türkiýedäki alewileriň sany 15-20 million diýlip çaklanýar.

Alewiler öňler oba ýerlerinde ýaşardylar. Olar Orta Aziýadan gaýdansoňlar, ençeme asyr mundan ozal gelip, häzirki Türkiýede, Eýranyň käbir böleklerinde, Kawkazda, Yrakda we Siriýada ýerleşipdirler. Esasan türki tire-taýpa toparlary bolup ýaşan alewiler şäherleşip, özleriniň täze sosial we syýasy gurşawyna integrirlenen iň soňky topardyr.

Osmanly imperiýasynyň safawit Eýran bilen bolan konfrontasiýasy alewileri has-da garyplaşdyryp, syýasy, sosial üzňelige itýär.

Alewiler bilen şaýylaryň ikisi-de on iki ymamly musulman bolsalar-da, aralarynda uly tapawutlar bar.

Eýrandaky we Yrakdaky şaýylardan tapawutlylykda, alewiler namaz okanoklar, oraza aýlarynda hem, edilişi ýaly, agyz beklänoklar, ybadat üçin metjide gatnanoklar, Mekgä zyýarata-da gidenoklar. Alewileriň ynanjynda alkogolly içgiler gadagan däl, aýallar yslam egin-eşigini geýinmeli ýa başy bürenjekli gezmeli diýen zat-da ýok.

Köp alymlar alewileriň yslamdan öňki Orta Aziýanyň şamançylyk däplerine eýerip, özleriniň yslam dinine mistiki ýa sopyçylyk elementlerini garandgyna ynanýarlar.

Yslamyň Orta Aziýada ýaýran ilkinji asyrlarynda türki taýpalara yslam dinini öwredip, olaryň bu dine girmegine ýol arçan araplar däl-de, eýranly alymlar we şeýhler bolupdyr.

Täze diniň şekillenmegi alewileriň yslam dinine girip, Eýrana we Türkiýä göç eden döwürlerine gabat gelýär. Syýasy synçylaryň aglabasy gündelik durmuşda alewilere yslamyň beýeleki mezheplerinden has sekulýar, has "liberal" diýip baha berýärler.

Geçen onýyllyklarda köpsanly taryhçylar we ylmy barlagçylar Bizans Anatoliýasy yslamlaşdyrylanyndan we türkleşdirileninden soň grekleriň, erminileriň, arameýleriň we erýan dillerinde gürleýän ýerli ilatyň müňlerçe agzasynyň türkçäni ilkinji dil edinip, yslam dinine uýmaly bolandyklaryny aýdýarlar.

Bu alymlaryň bellemegine görä, yslam dinine girenleriň uly bölegi, özlerine uýmagyň aňsat bolandygy üçin, alewi mezhebini saýlap tutupdyrlar. Alymlar dine täze girenler aslynda grek, ermeni, arameý we kürt bolsalar-da, asyrlar boýy bolmasa-da, onlarça ýyllap "haykyky musulmanlar we türkler" ýaly bolup ýaşapdyr diýýärler.

Türk jemgyýetindäki potensial bölünişigiň özeni - eger aktýorlar ony oýnajak bolsalar - şeýle. Orta Gündogarda barha artýan dini we etniki dartgynlylygy göz öňüne getireniňde olar, hiç bolmanynda bölekleýn, bu işi etmeýän hem däl.

Bu hasabatyň indiki bölüminde biz modern Türkiýedäki bu dini dartygynlylygyň sosiosyýasy taýdan mümkin täsirleri we netijeleri hakda durup geçeris.

XS
SM
MD
LG