Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Berdimuhamedow öz režiminiň krizisini başdan geçirýär”


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

“Eurasianet” neşirinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýektiniň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy barada ýörite syn çap edildi. Onda “käbir regional ekspertler TOPH proýektiniň eýýäm wagtynyň geçen bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar” diýilýär.

“Türkmenistan: Aşgabat gazgeçiriji proýekti arkaly ykdysady meseleleriň üstüni örtmek isleýärmi?” diýen sözbaşy bilen çap edilen analizde muňa delil hökmünde Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy doktor Luka Açesçiniň sözlerine salgylanyp, birnäçe mysal getirilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabr aýynyň 13-ne Türkmenistanyň Mary welaýatynyň çäklerinde, Garagum çölünde TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlandy. Şonda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu proýektiň gurluşygynyň 2019-njy ýylyň ahyryna tamamlanjakdygyny aýtdy.

“Şowsuz taslama”

Emma muňa doktor Luka Açesçini şübheli garaýar. Ol dünýäde energiýa bahalarynyň pes derejede saklanyp galmagynyň mümkindigini aýdyp, TOPH gazgeçirijisi üçin bazar penjiresiniň ýapylan bolmagynyň ähtimaldygyny we onuň girdejili boljakdygynyň ýa bolmajakdygynyň-da sorag astynda galýandygyny 20-nji aprelde çap edilen analizde nygtaýar.

Beýleki tarapdan, Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygy esasynda Tährana garşy girizilen sanksiýalar ýatyryldy. Maglumatda munuň hem, Günorta Aziýadaky müşderileriň ünsüni özüne çekip, olaryň eýran gazyna gyzyklanma bildirmegine getirip biljekdigi aýdylýar.

“Şu faktorlaryň bir ýere jemlenmegi netijesinde käbir analitikler TOPH-yň “Nabukko” proýekti ýaly käbir şowsuz taslamalaryň sanawyna goşulmagynyň mümkindigini aýdýarlar” diýlip, analizde bellenilýär.

“Sözlere we şekillere her hili öwüşgin berilýän ýer”

Şeýle-de, maglumatda Türkmenistanda TOPH-yň gurluşygy barada hem hiç hili wideo maglumatyň berilmeýändigine üns çekilip, proýektiň gurluşygynyň alnyp barlyşy, gazuw işleriniň geçirilýändigi barada türkmen telewideniýesinde hiç hili maglumatyň görkezilmeýändigi ýazylýar.

“Dünýäniň iň rehimsiz diktaturasynyň ýerleşýän ýeri Türkmenistanda, ýagny sözlere we şekillere her hili öwüşgin berilýän ýerde, resmileriň öz sözünde tapylmagy kyn” diýlip, maglumatda nygtalýar.

“Biz, türkmen hökümeti nämäni bilmegimizi isleýän bolsa, diňe şony bilýäris. [TOPH-yň] gurluşygynyň alnyp barylýandygy barada ne surat, ne-de telewideniýede görnüşler görkezilýär. Bu orta asyrlardaky ýaly” diýip, Açesçini aýdýar.

“TOPH illýuziýasy”

Galyberse-de, maglumatda TOPH “illýuziýasynyň” Berdimuhamedowyň režiminde möhüm rol oýnaýandygy bellenilip, şeýle diýilýär: “TOPH illýuziýasy Berdimuhamedowyň režimi üçin möhüm maksat bolup hyzmat edýär, ol adaty durmuşyň dowam edýändigi baradaky illýuziýany döredýär. Emma hakykatda bolsa, juda pes energiýa bahalary Türkmenistanyň döwlet býujetinde uly boşluklary döredýär, bu hem ýolbaşçynyň ýurdy gorkudyr merhemet astynda dolandyrmagyny kynlaşdyrýar”.

Maglumatyň ahyrynda ýakynda G.Berdimuhamedowyň kadr çalşygyny geçirip, ençeme ministri öz wezipesinden boşadanlygyna üns çekilýär. Şonda türkmen prezidenti “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip, ykdysadyýet we ösüş ministri Ýoldaş Şeripowy, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Baýar Abaýewi, Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Şatlyk Hümmedowy wezipelerinden boşatdy.

“Berdimuhamedow öz režiminiň krizisini başdan geçirýär. Bu şu güne çenli türkmen režiminiň iň gowşan pursaty bolsa gerek” diýip, Açesçini belleýär.

Türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Hindistana akdyrjak TOPH proýektiniň gurluşygy baradaky gepleşiklere 1990-njy ýyllaryň başlanypdy. Uzynlygy 1700 kilometrden gowrak bolan bu gazgeçiriji arkaly ýylda 33 milliard kubometr gazy akdyrmak göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG