Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk žurnalistleri: Media azatlygyna basyş edilýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan.

Türkiýäniň tanymal teležurnalisti Banu Güwen öz prezidentiniň metbugat erkinligi barada "CNN" telekanalynda Krisiane Amanpur tarapyndan gysaja salynmagynyň özüni begendirendigini aýdýar.

Ol: "Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň bu gezek gaty sypaýydygyny görmek bir gyzykly tejribe boldy. Türkiýede oňa beýle soraglary berjek žurnalistlere interwýu almaga mümkinçilik berlenok" diýýär.

Güwen bulary 1-nji aprelde Jan Dündar bilen Erdem Gülüň sud diňlenişigi gidip otyrka kazyýetiň daşynda gürrüň berdi. Tanymal türk žurnalistleri Dündar bilen Gülüň, aýdylyşyna görä, Türkiýäniň Siriýa bikanun ýarag geçirendigini paş edendikleri üçin, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.

Ýerli medianyň bellemegine görä, Dündar we Gül bilen baglanyşykly dörän ýagdaý metbugat erkinligine edilýän basyşyň bir anyk mysaly bolup durýar.

Oppozision "Jumhuriýet" gazetiniň baş redaktory Dündar bilen bu gazetiň Ankaradaky býurosynyň başlygy Gülüň öten maý aýynda çap edilen bir makalasynda Türkiýänň aňtaw gulluklarynyň ynsanperwer kömek diýip, Siriýa ýarag geçirendigi aýdylýar.

Makalada Türkiýe radikal yslamçy topar "Yslam döwleti" bilen iletşikli gozgalaňçylary goldaýr diýip çak edilýär.

Erdogan bu aýdylýanlary ret edip, agzalýan ýük ulagynyň Siriýadaky türkmenlere gumanitar kömek äkidendigini aýdyp, bu iki žurnalisti içalylykda aýyplady. Dündar bilen Gül, mart aýynyň aýaklarynda sud prosesi başlamazdan öň, eýýäm 92 günläp türmede oturdylar.

Öten hepde "CNN" telekanalynyň interwýuçysy Amanpur Erdogandan: "Men düşünemok, siz näme üçin öz metbugatyňyz bilen urşa girdiňiz" diýip soranda, Erdogan: "Men metbugat bilen uruşda däl" diýip jogap berdi.

Ol soňra hem: "Biziň ýurdumyzda ýörgünli kanunlar bar. Metbugatyň bir agzasy ýa-da bir gazetiň işgäri içalylyk bilen meşgullanyp, ýurduň syrlarayny dünýä aýan etse we, bu sud işiniň bir bölegi bolsa, onda sud işi bir höküme getirer" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Güwen ýapyk sud zalynyň daşyna üýşen ýüzlerçe aklawçylaryň, žurnalistleriň, parlamentçileriň biri. Ol özüniň "Türksat" telekanalynda alyp barýan habarlar programmasynyň ondan iki gün ozal döwlet prokurorynyň haýyşy boýunça togtadylandygyny aýdyp:

"Ýewropa Bileleşigi metbugatyň Türkiýedäki ýagdaýyny gowy bilmeli" diýýär.

Stambully aklawçy Serap Demirtaş bolsa Ýewropa Bileleşigini ikiýüzlülikde aýyplaýar.

Demirtaş "Men olaryň açyk, reformalar toplumydygyna ynanýaryn. Ýöne bosgunlar bilen baglanyşykly soňky wakalarda özleriniň ikiýüzlüdiklerini subut etdiler. Olar bosgunlary öz ýurdumyzda saklamagymyz üçin bize para berýärler" diýýär.

Dündar bilen Gül özleriniň bigünädiklerini aýdýarlar. Olaryň indiki sud diňlenişigi 22-nji aprelde geçer. Dündaryň 21 ýaşly ogly Ege öz kakasynyň bu edilýän basyşlara gürrüňsiz çydaýandygyny aýtdy.

Türkleriň käbiri bolsa Edoganyň edýän basyş taktikasy dogry diýýärler.

Erdoganyň önüp-ösen ýeri bolan Stambulyň Kasympaşa mähellesinde 55 ýaşly suratçy Soner Awjyoglu: "Dünýäde güýçli döwletleriň ählisi köp ýurtlara, köpsanly uruşly zonalara ýarag iberýärler. Muny biz-de edip bilýäris. Türkiýäniň merkezi aňtaw gullugynyň muny mälim etmegi zerur däl" diýýär.

Awjyoglu Türkiýäniň duşmanlaryna tutaryk bolýan Dündar ýalylaryň raportlary diýýär. Dogrudan hem, Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkin 1-nji aprelde Türkiýäniň fondlaryny ýurduň aňtaw gulluklarynyň üsti bilen "Yslam döwletiniň" Siriýadaky agzlaryny 1.9 milliard çemesi harby kömekler bilen üpjün edenlikde aýyplady.

XS
SM
MD
LG