Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diabet (Süýjükesel) - dünýä wehim salýan kesel


Bütindünýä saglyk guramasynyň "Diabet hasabatyna" görä, Ermenistandaky ýagdaýyň Azerbaýjandakydan hem has howply derejededigi äşgär edilipdir.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (GSG) diabet, ýagny süýjükesel babatdaky iň giň gerimli hasabatynda aýdylmagyna görä, "bütin dünýä süýjükeseliň elhenç howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar".

Häzirki döwürde indi her 11 adamdan biri bu elhenç hassalygyň girdabynda azap çekýär.

Bu keseliň barha has köp adama öz täsirini ýetirmegi hemmeleri alada goýýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, süýjükeselli adamlaryň sany 1980-nji ýyldakydan dört esse artyp, 2014-nji ýylda 422 milliona ýetipdir.

Ganyň düzümindäki şekeriň aşa ýokary bolmagy sebäpli her ýyl 3,7 million adam aradan çykýar.

Resmi maglumatlara görä, eger çynlakaý hem aýgytlaýjy çäreler durmuşa geçirilmese, süýjükesele duçar bolanlaryň sany batly depginde ýokarlanmagy dowam eder.

Hasabatda diabetiň, ýagny süýjükeseliň 1-nji we 2-nji toparlaryna bilelikde garalanda, keseliň, hususan-da, ikinji görnüşdäki toparda has ýokarlanýandygy äşgär bolýar.

2-nji görnüşdäki süýjükeseliň esasy sebäbi bolsa adamynyň ýaşaýşyna we durmuş şertlerine bagly bolmagydyr.

"Sessiz duşman"

Hasabatda aýdylmagyna görä, süýjükeseleiň şeýle çalt depginde ýaýramagynyň sebäbi aýdyň - bu dünýädäki her üç adamdan biriniň semizlikden ejir çekýändigi bilen baglanşykly ýüze çykýan hadysa.

Häzirki döwürde dünýäniň umumy ilatynyň yüzden 8,5 göterimi süýjükesellidir.

2012-nji ýylda dünýä boýunça 1,5 million adam süýjükesel zerarly aradan çykypdyr. Şeýle-de 2,2 million adam hem ganynyň düzüminde glýukozanyň adatdakydan has ýokary bolmagy netijesinde dünýeden ötüpdir. Süýjükeselden ölenleriň ýüzden 43 göterimi entek 70 ýaşyna hem ýetmedik adamlar eken.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (DST) resmisi Etienne Krug "Süýjükesel sessiz duşmandyr. Ol awuny peýläp alýandyr. Biz onuň ýaýbaňlanmagyny duruzmasak bolmaz" diýýär.

Bütindünýä saglyk guramasynyň bellemegine görä, ganyň düzümindäki şekeriň derejesine üns berilmese, adam gaty elhenç ýagdaýa duçar bolup bilýär.

Hasabatda süýjükeseliň infarkt, ýagny ýürekden tutma howpuny üç esse ýokarlandyrýandygyna aýratyn üns çekilýär. Süýjükeselden azap çekýänleriň soňra aýagynyň kesilme howpy başga adamlara garalanda 20 esse ýokarydyr. Şeýle-de, ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesine üns berilmese, köpsanly howply ýagdaýlar bilen birlikde diabet adamyny körlüge hem duçar edip bilýär.

Keseliň "häsiýeti" üýtgedi

Bütindünýä saglyk guramasynyň (DST) hasabatynda aýdylyşyna görä, soňky onýyllykda diabetiň "häsiýeti" düýbünden üýtgedi. 1980-nji ýyllarda bu has baý ýurtlarda köp ýaýran kesel bolan bolsa, indi ol has pes we orta derejedäki milli girdejili ýurtlary hem öz täsiri bilen "çökerýär".

Meselem, Ýakyn Gündogarda süýjükesel ýagdaýy 1980-nji ýyllarda 5,9 göterimden 2014-nji ýylda 13,7 göterime deňeç ýokarlanypdyr. Katar bilen Kuweýtde süýjükeselli adamlaryň sany ilatyň ýüzden 20 göterimini eýeleýär. Olaryň ýüzden 30-40 göterimi bolsa 45-60 ýaşlaryň arasyndaky adamlardyr.

Hasabatda aýan edilmegine görä, dünýäniň ilatynyň gartaşmagyna hem süýjükesel öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Iýmite üns bermezlik we ýaltalyk endikli ýaşaýyş esasy problema öwrüldi.

Ýagdaý anyk bir fakt bilen aýan etseň, onda Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ýaşlaryň dörtden üç bölegi ýaltalyk edýär, ýagny hiç hili sport bilen meşgullanmaýar.

Näme etmeli?

Bütindünýä saglyk guramasynyň (DST) hasabatynda, süýjükesele garşy göreşmegiň aslynda o diýen kyn däldigine hem aýratyn üns çekilipdir. Adamlar sport bilen meşgullanmaly, ýagny ýaltalykdan el çekmeli, gowy iýmitlenmeli we hiç wagt semizlige ýol bermeli däl.

Doktor Krugyň aýtmagyna görä, ýöne adamlaryň aglaba köpçüligi aslynda käbir iýmitleriň zyýanlydygyny bilibem, ony iýmegi dowama etmegi aslynda aňsat bolan göreşi hasam kynlaşdyrýar.

Alym ähli hökümetleri süýjükesele garşy aýgytlaýjy çäreleri görmäge, azyk önümleriniň düzümindäki glýukozany, gaty berk düzgünler bilen kadaly derejede saklamaga çagyrýar.

Hökümetler, adamlaryň ýaltalyk endikli ýaşaýyşdan el çekip, sport bilen has köp gyzyklanmagy üçin hem dürli çäreleri durmuşa geçirmelidir.

Alym, şol bir wagtyň özünde hem azyk önümleri senagatyny has jogapkärçilikli hereket etmäge, azyk önümleriniň düzümindäki süýjükesele sebäp bolýan maddalaryň azaldylmagy barasynda ýörite syýasat alyp barmaga çagyrýar.

Aslynda esasy gürrüň, ýaşlaryň saglyga zyýanly azyk önümlerinden gaça durmagy barasynda barýar.

Hasabatda, süýjükeselli adamlaryň ganynyň düzümindäki şekeriň yzygiderli barlanyp durulmalydygy we dermanlary wagtynda gyşarnyksyz ulanmalydygy hem aýratyn nygtalýar.

Hasabatdan belli bolşuna görä, garyp ýurtlaryň üçden iki bölegi kesellileriň ganynyň düzümindäki şekeriň derejesini düzüwli barlap bilmeýär. Şol bir wagtyň özünde-de näsaglary insulin ýa-da metformin ýaly derman serişdeleri bilenem üpjün edip bilmeýär.

Süýjükesel baradaky global hasabatda ýurtlaryň ýagdaýynyň sanawy çykarylmadyk hem bolsa, her ýurtda bu keseliň ýaýrawy barasynda deňeşdirmeler bilen belli sanlar berilýär.

Süýjükeseliň ýagdaýyna ýurtlara görä garalanda, owalky Sowet Soýuzynda hökümetiň "diabet syýasatynyň" Russiýada hut resmi eginbaş ýaly berk tutumda alnyp barlandygyna göz ýetirse bolýar.

Ermenistan sebitde birinji orunda durýar

Azerbaýjana degişli sanlara garalan mahaly, ýurtda süýjükesellileriň sanynyň 1980-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden hem köp ýokarlanyp, ozalkydan 11 göterim artandygyny görse bolýar. Bu keseliň ylaýta-da zenanlaryň arasynda erkeklere garalanda has giň ýaýrandygy derrew ünsi özüne çekýär.

Azerbaýjanda erkek adamlaryň ýüzden 56, zenanlaryň bolsa ýüzden 58 göteriminiň barlag görkezijileri adaty görkezijiden ýokarydyr.

Semizlik erkek adamlaryň ýüzden 18,5 göteriminde, zenanlaryň bolsa ýüzden 26 göteriminde duş gelýär. Azerbaýjan üçin ilatyň fiziki hereket görkezijisi aýan edilmändir. Ýöne aslynda bu görkeziji diabetiň profilaktikasy üçin iň esasy kadalaryň biri bolup durýar.

Hökümet özüniň süýjükesele garşy milli hereket planynyň bardygyny aýan edýänem bolsa, anketanyň anyk çäreler bilen baglanyşykly ahyrky sowallarynyň hemmesine "ýok" diýip jogaplar berlipdir.

Azerbaýjan, süýjükesele garşy göreş syýasaty babatda iş ýüzünde Ermenistandan has yzda.

Meselem, Azerbaýjanda semizlik we adamynyň agramynyň aşalygy barasynda anyk hökümet programmasy ýok. Halkyň fiziki taýdan işjeňligini ýokarlandyrmak çäreleri dogrudaky sowala-da "ýok" diýip jogap berlipdir.

Azerbaýjanda süýjükesel bilen baglanyşykly syýasat, diňe bu kesele duçar bolanlaryň hasaba alynmagy we olaryň metformin ýa-da insulin bilen üpjün edilmegi bilen çäklenýär. Diabet kesellileriň barlagdan doly geçirilip, olaryň bejeriş işleriniň hem ýokary derejede alnyp barylmagy ýaly çäreler hem doly ýerine ýetirilmeýär.

Süýjükesellileriň yzygiderli böwrek we göz saglygy barlagyndan geçirilmegi hem berjaý edilmeýändir.

Ýewropa ýurtlarynda (galyberse-de, Ermenistanda) bu hyzmat ýylda azyndan bir gezek hassalara teklip edilýär.

Mugt bejergi

Maglumatlara görä, Azerbaýjanda süýjükesellileriň gözi bilen böwregine zeper ýetmezligi üçin gerek bolan bejergi geçirilmeýär.

Meselem, Ýewropanyň köpsanly ýurdunda gözde ganyň goýalmagyna garşy lazer operasiýasy, böwrek ýetmezçiliginiň profilaktikasy üçin dializ we hatda böwrek transplantasiýasy operasiýalary süýjükeselliler üçin mugt.

Azerbaýjanda, meselem goňşusy Ermenistandan tapawutlylykda, (ol ýerde diňe pulsuz transplantasiýa ýok) şeýle çäreleriň hiç biri amala aşyrylmaýar.

Gürjüstanda diabet bilen baglanyşykly ýagdaý Azerbaýjandakydan hem has beter gözgyny ýagdaýda. Ol ýurtda süýjükesellileriň sany soňky 30 ýylda 3 esse ýokarlanypdyr. Süýjükesellileriň umumy ilatyň düzüminde eýeleýän derejesi bolsa ýüzden 15 göterim.

Ermenistan, umuman aýdylanda, süýjükesel bilen baglanyşykly Bütindünýä saglyk guramasynyň kadalaryny berjaý edýär. Ol ýurtda, meselem, diabet kesellileriň saglyk barlagyndan geçirilmegi we olaryň resmi hasaba alynmagy bilen baglanyşykly 7 kadadan 6 sanysy doly berjaý edilýär.

Ýöne Ermenistanda bu çäreleriň golaýda durmuşa geçirilip başlanandygyny hem ýörite belläp geçmek gerek. Sebäbi süýjükesel bilen baglanyşykly görkezijiler (semizlik, adamynyň aşa agram görkezijisi we fiziki işjeňligi) takmynan alnanda edil Azerbaýjandaky ýaly.

Ermenistanda hem soňky 30 ýylda süýjükesellileriň sany iki esse ýokarlanypdyr.

XS
SM
MD
LG