Satelitden düşürilen suratlarda aýan bolşuna görä, Mosul şäherindäki haçparazlaryň 1400 ýyllyk gadymy monastyry (ybadathanasy) "Yslam Döwleti" ("YD") toparynyň basyp almagyndan birnäçe aý soňra ýer bilen ýegsan edilipdir. Ol taryhy ýadygärlik, Yrakda ýerleşýän iň gadymy ybadathana ekeni.
CNN-niň ýazmagyna görä, şol bir wagtyň özünde "Dair Mar Elia" diýen at bilen hem meşhurlyk gazanan "Mukaddes Elia monastyry" ybadathanasy Mosul etrabynyň çäginde ýerleşýärdi. Satelitden düşürilen suratlary barlap gören "AllSouree Analysis" atly derňew firmasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, ybadathana näçe gadymy bolsa hem onuň öz-özünden ýumrulmagy mümkin däl diýen ýalydyr.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, käbir ýagdaýlar hem täsirler gadymy ybadathananyň bilkastlaýyn ýumrulandygyna güwä geçýär.
Bilkastlaýyn
Birinjisi, gadymy ybadathananyň 2014-nji ýyldan owalky we soňky düşürilen suratlary deňeşdirilen mahaly, onuň ýer bilen ýegsan edilenden soň "owrap galandygy" mälim bolýar.
Ikinjisi, satelitden düşürlen suratlarynda uzap gidýän ugtaşykly ak keşler görünýär. Olaryň şol ýere getirilen äpet buldozerleriň yzydygy çak edilýär.
Üçünjisi, hadysanyň bolup geçen mahaly wakanyň "YD" topary gurnalandygyna güwä geçýär.
Mosul, 2014-nji ýylyň iýun aýynda "YD" toparyna boýun egipdi. Satelitden düşürilen suratlarda geçirilen derňew bolsa, gadymy ybadathananyň 2014-nji ýylyň awgust ýa-da sentýabr aýynda ýumrulandygyny görkezýär.
"YD" bu hadysany jemgyýete aýan etmedigem bolsa, bu ol terrorçylykly toparyň taryhy ýadygärliklere eden ilkinji elhenç hüjümi däldir.
Palmyra
Awgust aýynda bolsa şol yslamçy ekstremist topar, goňşy Siriýada Palmyra harabalarynda 2000 ýyllyk gadymy Nir ýadygärligini partladypdyr.
"YD" topary sünni mezhepden başga ähli mezhepleriň ybadathanalaryny we şol bir wagtyň özünde hem haçparazlyk, iudaizm ybadathanalaryny hem butparazlygyň nyşanasy hasaplaýar.
Ruhany Paul Thabit Habib, owal Mosuldaky "Xaldey" atly Katolik ybadathanada dini ýolbaşçy bolup işleýär ekeni. Ol häzir göçmäge mejbur edilýän müňlerçe "Xaldey" haçparazynyň Mosuldan Erbile we beýleki töwerekdäki sebitlere göçüşini synlaýar. Ol "Biz bu gadymy ýadygärlikleriň ýok edilmegine her gün şaýat bolýarys" diýip belleýär.
"Bu gaty uly ýitgidir. Onuň öwezini hiç wagt dolup bolmaz. Onuň taryhy tä 6-njy asyra çenli baryp ýetýär. Biz medeniýetler taryhynyň ýok edilmegi barada gürrüň edýäris".