NATO we Birleşen Ştatlar, birleşigiň Ýewropa giňemeginiň we ol ýerdäki artýan hereketleriniň Orsýete haýsydyr bir howp abandyrýandygy barada Moskwanyň täze howpsuzlyk doktrinasynda aýdylanlary ret etdiler.
“Biz NATO-nyň we onuň syýasatynyň Moskwa howp abandyrýandygy baradaky esassyz öňe sürmeleri çürt-kesik ret edýäris” diýip, 5-nji ýanwarda Demirgazyk Atlantik Howpsuzlyk Şertnamasynyň (NATO) metbugat wekili Oana Lungesçu aýtdy.
Şeýle-de, ol NATO-nyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan geçen hepde gol goýlan täze doktrinany heniz hem öwrenýändigini sözüniň üstüne goşdy. Gürrüňi edilýän doktrinada Orsýet NATO-ny halkara kanuny bozmakda we öz harby serişdelerini Orsýetiň serhetlerine ýakynlaşdyrmakda aýyplaýar.