Yssyk-kölüň bir ýaşaýjysy Siriýa 28 sany garyndaşyny alyp gidipdir. Olaryň arasynda iň ulusynyň ýaşy 17 we iň kiçisiniňki 3 ýaş bolan çagalar hem bar.
Onuň bu eden işi Gyrgyzystanda o diýen geňirgeniljek bir ýagdaý däl. Sebäbi ol ýurduň graždanlary Siriýa maşgalalary bilen bilelikde gidýärler. Olaryň köpüsi ýany bilen aýalyny, çagalaryny we beýleki ýakyn hossarlaryny äkidýärler.
Adileta Bektursunowanyň geçiren söhbetdeşligi
Siriýa bilen her gün birnäçe gezek hökmany suratda gepleşilýär. Gepleşik gaýtalanýan adaty aladaly gürrüňler bilen başlanyar: Žyldyz Doolotžanowa, owalkysy ýaly, aýal doganyny yzyna öýüne dolanmaga yrmaga synanyşyk edýär.
"Biz seni gaty küýseýäris!" diýip, Žyldyz aýal doganyna ýüzlenýär.
"Siz namaz okaýaňyzmy?" diýip, Kunduz onuň soragyna sorag bilen jogap berýär.
Yssyk-köl welaýatynyň Karool-Dobo etrabynda bary-ýogy birnäçe ýüz maşgala ýaşaýar. Ol ýerde edilýän gep-gürrüňleri näçe ýaşyrmak isleseňem, peýda edenok, barybir paş bolýar. Meselem, Kunduzyň bir ekiztaýynyň Siriýanyň şäherlerinde söweşýändigini tutuş etrap bilýär. Şonuň üçinem olaryň ene-atasyna jemgyýetde uly agram düşýär.
"Ol yzyna dolanmak barada pikirem edenok. Haçan-da onuň bilen çynlakaý mesele barasynda gürleşmäge synanyşyk edenimizde, ol derrew temany üýtgedýär we din barasynda gürläp başlaýar hem aýatdyr-süreleri okaýar" diýip, Nuriýa Doolotžanowa ýagdaýy düşündirýär.
“Bizi Siriýa ymtyldyrýar”
Kunduz Doolotžanowa indi bir ýyldan gowrak wagtdan bäri Siriýada. Ol öz çagasyny goýup gidipdir. Ol öz adynam arap adyna öwrüp, ýagny özüne Amina diýip at goýupdyr. Häzir ol soňky wagtlardaky hemme suratlarynda hyjaply.
"Ol yzygiderli surat iberýär. Köp pulunyň bardygyny aýdýar. Bizi Siriýa ymtyldyrýar, emendirýär" diýip, Žyldyz gürrüň berýär.
Žoldoş Karabaýew iki ýylyň dowamynda özüniň ahli dogan-garyndaşlaryny, ýagny şol sanda uly-kiçi çagalary hem garry ejesinem Siriýa alyp gidipdir. Olaryň hemmesi jemi 28 adam. Yssyk-kölüň kenaryndaky Ak-saý diýen obada maşgalalaryň tutuşlygyna Siriýa gaçyp gitmegi ýörgünli ýagdaýa öwrülipdir.
Oba çykgynsyz ýagdaýda. Ýerli polisiýa näme etjegini bilenok. Soň mälim bolşuna görä, Žoldoş Karabaýew aslynda adaty bolmadyk yslama eýerýän çakdanaşa dindar ekeni.
"Ol maşgala Siriýa öz hasabyna gidipdir. Agyllaryna sygman ýören ähli mal-garalaryny satypdyrlar. Gidýänleriň aglabasynyň aňy din bilen alnan" diýip, Gyrgyzystanyň döwlet howpsuzlyk gullugunyň resmi wekili Rahat Süleýmanow maglumat berýär.
“Taşlap gitdi”
Žanybaý Tynalyýewiň aýaly hem çagalaryny we agtyklaryny taşlap, Siriýa gaçyp gidipdir:
"Ilkibaşda onuň erkek dogany gitdi. Ol öz ýany bilen göwreli aýalyny we 4 çagasynam äkitdi. Onsoň onuň aýal dogany adamsy we 6 çagasy bilen gidipdirler. Olaryň yz ýany bilen meniň aýalym hem gitdi. Çagalaram alyp gitmek isledi, ýöne men razylyk bermedim."
"Ony näme şeýle özüne çekdikä, men henizem muňa düşünip bilemok. Ýöne meni 30 ýyllap bile ýaşaşandan soň taşlap gitdi ahyryn. Ol diňe meni däl, eýse çagalaryny we agtyklarynam taşlap gitd-ä. Häzir biz onuň nirededigini we nähili ýagdaýdadygyny bilemizok" diýip, Žanybaý gaýgylanyp gürrüň berýär.
Bir ýylyň dowamynda Yssyk-köl welaýatyndan Siriýa jemi 40 adam gidipdir. Tassyklanmadyk maglumata görä, olaryň üçden bir bölegi kämillik ýaşyna ýetmedik çagalardyr. Şol adamlaryň hossarlary bolsa olaryň ahyrky nokada çenli nädip gidendigi hem kim bilen aragatnaşykda bolandygy barasynda howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine aýtmaýarlar.