Şu ýyl Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda pagta meýdanlarynyň köp bölegi suwsuzlykdan zyýan çekdi. Bu ýagdaýyň esasy sebäbi - tomus aýlarynda, howanyň gyzgynlygy 50 gradusa çenli ýetende gowaçaly atyzlaryň suw bilen ýeterlik üpjün edilmezliginden diýlip hasaplanýar.
Tagtabazar etraby barada gürrüň gidende, suwsuzlykdan agyr zyýan çeken gowaça meýdanlaryna, hususan-da “Gaş” diýlip tanalýan we etrabyň Rabat-kaşaň derýasynyň ugrunda ýerleşýän üç sany daýhanbirleşiginde duş gelse bolýar.
Rabat-kaşaň derýasynyň golaýlarynda Pendi, Ýaşlyk we Azatlyk daýhan birleşiklerine degişli ekin meýdanlary ýerleşýär. Şol ýerleriň umumy möçberiniň müň gektardanam geçýändigi we etrabyň pagta planyny doldurmakda esasan şu meýdanlara bil baglanandygy aýdylýar.
Tok üpjünçiligindäki näsazlyklar
Bu ekin meýdanlary, derýanyň gyrasynda ýerleşse-de, ýeri beýik bolansoň, suw güýçli nasoslar bilen çykarylyp suwarylýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, şu ýyl howanyň gaty gyzmagy bilen, nasoslar kadaly işläp bilmänsoň, ekin meýdanlary suwsuz galypdyr.
Adatça, yssy howalarda tok üpjünçiligindäki näsazlyklar, ýagny toguň güýjüniň kadasyz gelmegi, nasoslary hatardan çykarýar. Hatardan çykan nasoslary oňaryp bilýän ýerli spesialistler ýetmezçilik edensoň, olar döwülse, gaýtadan işe girizilýänçä köp wagt geçýär.
Daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, nasoslaryň zerur enjamlary etraba diňe Mary şäherinden getirilýär, şeýle ýagdaýda olaryň oňarylmagy köp wagt talap edýär, bu hem öz nobatynda ekin meýdanlaryna öz ýaramaz täsirini ýetirýär.
“Ýyl nähili geçer?!”
Ekrançylyk bilen meşgullanýan tagtabazarlylaryň käbirleri, suwuň ýetmezçilik eden halatynda, ilkibaşda gowaçanyň gülüniň guraýandygyny, güli guran gowaçanyň bolsa hasylsyz galýandygyny aýdýarlar. Bu hem käbir daýhanlaryň ýylyň soňunda hökümete bergili bolup çykjakdygyny aňladýar.
Tagtabazarda ilatyň aglaba bölegi daýhançylyk bilen meşgullanandan soň, olaryň esasy ýyllyk girdejisi potrat ýerleriniň hasylyna bagly. Planlaşdyran girdejisini alyp bilmedik daýhanlar häzirki döwürde ýylyň nähili geçjeginden alada edýärler.
Tagtabazaryň Pendi daýhanbirleşiginiň ýaşaýjysy 40 ýaşlaryndaky Hemranyň hem şol ýerde bäş gektar ýaly gowaça ekilen potrat ýeri bar. Ol öz ýerindäki ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berýär: ”Meniň ýerimde şu ýyl hasyl gowy bolmady, hiç bolmady diýse-de bolýar. Başda yssy howanyň ýalny, soňra bolsa suwuň ýetmezçiliginden görýärin hasylsyzlygy. Ýolbaşçylara ýüzlendim, ýöne olaram alaçsyz görünýärdi. Zordan hasylyň tutmanlygy barada akt düzdürdim, ýogsam karzdar bolup çykýardym”.
Hemranyň aýtmagyna görä, onuň tanyşlarynyň ençemesinde hem şeýle ýagdaý bolupdyr, käbirleriniň aladasy derňew edaralaryna çenli ýetipdir. Hemme aladalaryna garamazdan, zyýan çeken daýhanlar şu ýyl bergili bolup çykmandygyna şükür edýärler.
Emma etrabyň pagtasynyň käbir ýerleri gowy bolmasa-da beýleki ýerleriniň hasylynyň ganymat bolandygy hem aýdylýar. Edil şeýle ýagdaýa Marynyň Marçak daýhanbirleşiginiň pagtaçylarynyň mysalynda görse bolýar. Tagtabazaryň ýyllyk pagta plany 17 müň tonna barabardyr.