Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sportuň ornuny tutýan derman tapyldy


Derman
Derman

Awstraliýaly we daniýaly alymlar sport bilen meşgullanýan erkek adamlaryň beden etiniň nusgalaryny öwrenip, fiziki maşklaryň dowamynda adamynyň bedeninde molekula derejesinde müňden gowrak reaksiýalary hasaba alypdyrlar.

Sidneý we Kopengagen uniwersitetlerinde işleýän alymlaryň fiziki maşklaryň adamyň myşsalarynda örän çylşyrymly yzygiderli reaksiýalara sebäp bolýandygyny we bu reaksiýalaryň energiýanyň özleşdirilmeginde we insulina bolan duýgurlykda iňňän möhüm rol oýnaýandygyny anyklandyklary habar berilýär.

Bu tejribäniň esasynda alymlar sport maşklarynyň berýän netijesiniň ornuny tutup biljek dermany döretmek işine girişdiler.

Barlaglaryň awtory professor Dawid Jeýmsiň sözlerine görä, fiziki aktiwlik süýjülik keseline, ýürek-damar kesellerine, newrologiýa kesellerine garşy güýçli berejeriş usuly bolup durýan hem bolsa, fiziki aktiwlik hemme adama, hususan-da garrylara we fiziki mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin elýeterli däl.

Şol bir wagtda-da alymlar dermanyň ýakyn geljekde fiziki maşklaryň doly ornuny tutup bilmejegini belleýärler we dörediljek dermanyň kömegi bilen adamynyň süňklerini berkitmegiň we myşsalaryň göwrümini artdyrmagyň mümkin däldigini aýdýarlar.

Fiziki maşklary etmezden olaryň adamynyň bedenine ýetirýän oňyn täsirlerinden peýdalanmaga mümkinçilik berip biljek dermanyň döredilmeginiň ähtimaldygy barada şu ýylyň tomsunda habar berlipdi.

Britaniýanyň Southampton uniwersitetiniň alymlarynyň işläp tapan “Compound 14” atly serişdesi adamynyň bedeniniň öýjüklerini energiýa we ýag ätiýaçlygyndan mahrum bolan ýaly alyp barmaga mejbur edýär diýip, “The Washington Post” gazeti habar beripdi.

Biohimik Ali Tawasolliniň we integratiw fiziologiýa boýunça alym Felino Kagampanganyň barlaglarynyň netijesinde döredilen dermanynyň diňe gemrijilerde synalandygy aýdylypdy. Emma onuň zerur barlaglardan geçen ýagdaýynda geljekde semizlige garşy we süýjülik keselini bejermek üçin ulanylyp bilinjekdigi bellendi.

XS
SM
MD
LG