Türkmensähraly türkmenler geçen annada Eýranyň Akgala şäherinde tanymal medeniýet işgäri, ussat bagşy, il içinde Durdy Pürrük diýip tanalýan Durdy Ysmaýylzadäniň döredijilik-ýubileý toýuny tutdular.
Durdy Pürrük, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmensähraly türkmenleriň pikirine görä, Eýranda türkmen aýdym-saz sungatynyň «Gürgen ýoluny» döreden ýa-da şol ýoly gaýtadan direlden bagşy diýlip bilinýär.
Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sany eýranly türkmenleriň tanymal bagşysy Durdy Pürrügiň ömrüne we döredijiligine bagyşlandy.
Gepleşigimizi diňläp, pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.