ÝUNESKO-nyň karary esasynda, 1999-njy ýyldan bäri her ýylyň 21-nji fewralynda Bütindünýä Ene dili güni bellenilip gelinýär.
Bilnişi ýaly, dürli ýurtlarda azlyk bolup ýaşaýan halklaryň we etniki toparlaryň ene dillerini gorap saklamagy hemişe aňsat düşüp hem durmaýar.
Eýsem Eýran, Owganystan, Pakistan we Türkiýe ýaly ýurtlarda azlyk bolup ýaşaýan etniki türkmenleriň ene dillerini gorap saklamagynda nähili meseleler bar?
Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sanynda şu mesele ele alynýar we söhbetdeşlige etniki türkmenleriň wekilleri gatnaşýar.
Belki, siz hem söhbeti diňläp, öz pikir-tejribeleriňizi paýlaşarsyňyz? Pikirleriňize garaşýarys.