Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýsina: Göz ýaş dökmekden başga alajym ýok


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämad Nepesgulyýew.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämad Nepesgulyýew.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilenine göni iki aý doldy. Ol häkimiýetler tarapyndan “bikanun neşe gaçakçylygynda” aýyplanyp, 7-nji iýunda Türkmenbaşy şäherinde saklanyldy. Nepesgulyýewiň maşgala agzalary bu aýyplamalaryň “toslamadygyny” aýdyp, olary inkär edýärler.

Geçen hepdäniň aýagynda Nepesgulyýewiň hossarlaryna onuň sud edilip, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada maglumat gowuşdy.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Saparmämmediň ejesi – Raýsina Saryýewa bilen söhbetdeş bolup, onuň oglunyň ykbalyna degişli soňky maglumatlar bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Raýsina daýza, Saparmämmede üç ýyl berlendigi barada maglumatlar gowuşýar. Size bu maglumat haçan aýan boldy?

Raýsina: Men bu maglumaty öz gyzymdan bilip galdym. Ol Saparmämmediň 31-nji awgustda sud edilendigini we oňa üç ýyl işiň kesilendigini aýtdy. Bu geçen anna güni bolan ýagdaý.

Emma gyzym muny resmileriň däl-de, başga bir tanşymyzyň ýarym gizlin görnüşde, maglumat berendigini aýtdy. Häkimiýetler bu barada bize başdan-aýak hiç zat aýtman gelýärler.

Meniň özüm hem sorap-idäp barsam, hiç zat aýtman, gapydan çykaryp goýberýärler. Oglumyň özi bir dirimik-ä? Men näme pikir etjegimi hem bilemok.

Ony ýene “neşekeşlikde” aýyplaýarlar. Biz meniň pensiýama gün görýärdik. Nämäniň “neşekeşi”?! Olar [häkimiýetler] akylyndan azaşdylarmy?

Oglumy Türkmenbaşyda saklaýarlar. Men oňa sud bolandygy baradaky habary eşiden badyma ol ýere ugramakçy boldum. Emma Ýaşulular maslahaty sebäpli, [ol ýere barýan] ähli ýollary bekläpdirler.

Garaşmakdan başga alajym ýok. Ýollary açdyklary oglumyň ýanyna giderin. Wah, elimden gelýän başga zat barmy?! “Jan oglum” diýip, gije-gündiz aglamakdan başga men garrynyň edip biljek nämesi bar?

Bize hiç zat aýtmaýarlar. Bu nähili beýle bolýar? Ol meniň oglum! Men oňa näme bolandygyny biläýmeli.

XS
SM
MD
LG