Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nepesgulyýewe 3 ýyl iş kesildi


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämad Nepesgulyýew.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämad Nepesgulyýew.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämad Nepesgulyýewe 3 ýyl iş kesildi. “Türkmenistanyň Alternatiw habarlar” neşiriniň ýolbaşçysy Ruslan Mätiýewiň aýtmagyna görä, bu habary oňa Nepesgulyýewiň ejesi beripdir.

Bu maglumaty henize çenli resmi çeşmelerden tassyklatmak başartmady.

Mätiýew Nepesgulyýew bilen baglanşykly sud diňlenşiginiň 31-nji awgustda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirlendigini we diňlenişige onuň maşgala agzalarynyň gatnaşdyrylmandygyny aýdýar.

Nepesgulýewe bildirilen günä, şeýle-de diňlenişikde onuň aklawçysynyň bolup bolmandygy barada hem hiç hili maglumat berilmeýär. Bu meselede Azatlyk Radiosynyň Nepesgulyýewiň ejesi bilen habarlaşmak synanyşygy hem başa barmady.

Nepesgulyýewiň maşgala agzalarynyň aýtmagyna görä, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlar” neşiri bilen hem hyzmatdaşlyk edýän žurnalist 7-nji iýulda ýanynda neşe serişdeleriniň tapylandygy aýdylyp tussag edilipdi. Emma Saparmämmediň ejesi bu aýyplamalary ret edýär.

Mundan ozal Nepesgulyýewiň tussag edilmegi adam hukuklaryny goraýjy hem-de metbugat azatlygy boýunça çykyş edýän halkara guramalary tarapyndan berk ýazgarlypdy.

“Amnesty International”, “Human Rights Watch”, “Serhetsiz Raportýorlar” guramalary we žurnalistleri goraýan komitet, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly edaralar, Nepesgulyýewe ýöňkelýän aýyplamalaryň, hiç hili esasynyň ýokdugyny we oňa garşy žurnalistiki işleri üçin çäre görülýändigini aýdyp, žurnalistiň derhal boşadylmagyny talap edip gelýärler.

XS
SM
MD
LG