Azerbaýjanyň prokurory Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän derňeýji žurnalist Hatyja Ysmaýylowa 9 ýyl iş kesilmegini sorady.
21-nji awgustda beýan edilen bu talap häzirki wagtda ykdysady galplyklarda aýyplanyp sud edilýän Ysmaýylowanyň işi bilen bagly öňe sürüldi. Ysmaýylowa özüne ýönkelýän aýyplamalary ret edip, onuň syýasy äheňlidigini aýdýar.
Prorkuroryň beýanatyndan soňra, sudýa diňlenişigi togtatdy we sud işiniň 26-njy awgustda gaýtadan başlanjakdygyny yglan etdi. Suduň şol gün öz kararyny belli etmeginiň ähtimaldygy aýdylýar.
Ysmaýylowa we halkara hukuk goraýjy guramalar bu sud diňlenişiginiň syýasy äheňlidigini aýdyp, bu çäräniň Ysmaýylowanyň Azerbaýjanyň ýokary derejeli resmileriniň eden-etdilikleriniň üstüni açýan derňew işleri sebäpli, ar almak maksady bilen gurnalandygyny nygtaýarlar.
Ýeterlik wagt
Ysmaýylowanyň ejesi Elmira Hatyjanyň özüne prokuroryň 9 ýyl iş kesilmegi baradaky talabyny eşidende, muňa gülendigini aýtdy.
Elmira hanym Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “meniň çagam hiç hili ýaramaz işe baş goşmady, ol mydama hakykaty aýtdy diýdi.
Ençeme halkara baýraklarynyň laureaty Ysmaýylowa suduň özüni nähak jezalandyrmak üçin işjeň hereket edýändigini, özüne garşy ýönkelýän aýyplamalara jogap bermäge özüne we aklawçysyna ýeterlik wagt berilmeýändigini aýdýar.
“Bu çaltlaşdyrylan sud, siz bize suduň prosedurasy barada gürrüň etmäge hiç hili pursat bermeýärsiňiz” diýip, ol 12-nji awgustda sudýa ýüzlenip, öz pikirini mälim etdi.
Sud zaly
7-nji awgustda başlanan diňlenişige diňe sanlyja diplomata gatnaşmaga mümkinçilik berildi. Garaşsyz žurnalistlar we aktiwistlar suduň zalyna göýberilmediler.
39 ýaşyndaky Ysmaýylowa hökümeti tankyt edendigi sebäpli gyssaja alnan on töweregi aktiwistiň başyny çekýär. Geçen hepde Bakuwyň sudy beýleki iki aktiwiste - Leýla Ýunusa 8,5 ýyl we onuň näsag adamysy Arife hem 7 ýyl iş kesdi. Olaram maliýe galplyklarynda aýyplandylar.
Dekabrda tussag edileli bäri Ysmaýylowa deslapky tussaghanada saklandy. ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň Ysmaýylowanyň boşadylmagy baradaky talaplaryna Bakuw gulak gabartmady.
Halkara günageçiş guramasy Ysmaýylowany wyždan ýesiri diýip häsiýetlendirdi, žurnalistleri goraýan halkara komitet bolsa onuň žurnalistiki işleri üçin jezalandyrylýandygyny nygtap, beýanat ýaýratdy.
Çap eden makalalary
Ysmaýylowanyň Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugunda çap edilen makalalarynyň arasynda 2010-nji ýylda Azerbaýjandaky altyn käni boýunça kontraktyň nähili ýagdaýda prezidentiň maşgalasyna berlendigi barada gürrüň edilýär.
Onuň 2014-nji ýylda çap eden makalasynda bolsa, prezidentiň gyzlarynyň Azerbaýjanyň iň uly mobil telefon operatory “Azercell” bilen ilteşigi ýüze çykarylýar.
Ysmaýylowa öňki kärdeşi Tural Mustafaýewiň aýyplamasy esasynda dekabarda tussag edilipdi.
Mustafaýew öz aýyplamasynda Ysmaýylowanyň ony öz janyna kast etmäge öjükdirendigini aýdypdy. Prokuratura soňra Ysmaýylowa garşy salgytdan boýun gaçyrmak we bikanun biznes etmek ýaly aýyplamalary hem ýönkedi.
Soňra 10-nji awgustda Mustafaýew suda beren ýüzlenmesinde özüniň janyna kast etmek synanyşygynda Ysmaýylowanyň hiç hili dahylynyň bolmandygyny we özüniň ruhy çökgünligine adaglysy bilen aralaryndaky düşünişmezligiň sebäp bolandygyny aýtdy.
Emma, muňa garamazdan, sudýa Mustafaýewiň adyny Ysmaýylowanyň sud işinden çykarmady. Şeýle-de sud 24-nji iýulda Mustafaýewiň ilkibaşda howpsuzlyk güýçleriniň basyşy esasynda şeýle aýyplama bilen çykyş edendigi baradaky pikiri hem hasaba alman, ret etdi.
Ysmaýylowa ençeme abraýly halkara sylaglary bilen sylaglanan belli azerbaýjan žurnalistidir.