Ýaşaýyş jaý problemasy Türkmenistanyň Balkan welaýatynda hem ýiti duýulýar. Regionyň hususan-da Gazanjyk etrabynda ençeme maşgalanyň 16 ýyl mundan ozal ýertitreme zerarly zeper ýeten jaýlarynda, töwekgelçilikli şertlerde ýaşamaly bolýandygy habar berilýär.
Bu ýagdaýyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosyna türkmen ýazyjysy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.