Amerikan metbugaty prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň Ukrainanyň ABŞ tarapyndan berlen ýaraglary Russiýanyň has içine zarba urmakda ulanmagyna girizilen çäklendirmeleri ýatyrandygyny habar berdi.
"Nýu-Ýork Taýms" gazetiniň, AP we “Roýters" habar gulluklarynyň we beýlekileriň 17-nji noýabrda beren habarlarynda bu meseleden habarly çeşmelere salgylanyldy.
Ak tam bu habarlar barada düşündiriş bermedi we Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň düşündiriş sorap ýazan hatyna häzirlikçe jogap bermeýär. Milli howpsuzlyk geňeşi hem düşündiriş bermekden saklandy.
Bu rugsadyň haýsy uzaklyga ýetýän ýaraglaryň ulanylmagyna ýol açjakdygy bada-bat belli bolmady. Baýden Braziliýadaky Amazon tokaýyna syýahat edýän wagtynda eden çykyşynda žurnalistleriň bu mesele barada gygyryp beren soraglaryna jogap bermedi.
Eger-de tassyklansa, Kiýewiň uzak wagt bäri edýän haýyşlarynyň bitirilmeginiň arasynda, bu ABŞ syýasatynda bolan möhüm özgerişlik bolar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu habarlary gönüden-göni tassyklamady, ýöne ýaranlara hödürlenen "ýeňiş meýilnamasynyň" esasy şertleriniň biriniň öz goşunynyň uzak aralyga ýetýän ýaraglary ulanmagyny hem öz içine alýandygyny aýtdy.
"Häzir metbugatda köp adam biziň degişli hereketler üçin rugsat alandygymyzy aýdýar. Ýöne [harbylar] söz bilen urmaýarlar. Beýle zatlar yglan edilmeýär. Öz ýerlerine raketalaryň özi çykyp gürlär" diýip, Zelenski telegramda aýtdy.
"Roýters" habar gullugy, öz çeşmelerine salgylanyp, anyk maglumat bermezden, Kiýewiň ýakyn günlerde şeýle uzak aralyk hüjümleriniň ilkinjisini amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.
Ukrainanyň bu hüjümlerde 300 kilometre çenli aralygy ýetýän ATACMS raketalaryny ulanmagy mümkin diýip, “Roýters” bu meseleden habarly üç çeşmä salgylanyp aýtdy.
ABŞ administrasiýasy Baýdeniň 20-nji ýanwardan öň, saýlanan prezident Donald Tramp Ak Tama dolanyp gelmezinden ozal Ukraina berilýän goldawy ýokarlandyrmagyň ýollaryny gözleýändigini aýtdy.
Tramp Baýdeniň Kiýewe berýän güýçli goldawyny tankyt etdi we özüniň urşuň mümkin boldugyça tiz soňlanmagyny gazanmaga çalyşjakdygyny, ýöne bu işi Ukraina üçin kabul edip bolmajak şertler bilen etmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.
Trampyň geçiş topary bu habara bada-bat düşündiriş bermedi, ýöne saýlanan prezidentiň esasy geňeşçi bu çärä X platformasynda galdyran ýazgysynda hüjüm etdi.
"Ol işinden aýrylmazyndan öň uruşlary güýçlendirýär" diýip, Riçard Grenell ýazdy.
Emma muňa garamazdan, ABŞ-nyň dynç alşa çykan general-leýtenanty we Ýewropadaky ABŞ güýçleriniň öňki serkerdesi Ben Hodges Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna bu hili göçüm “Kremle biziň [Birleşen Ştatlaryň] diňe çadyrlarymyzy ýygnap, Trampa garaşmaýandygmyz barada habar iberer” diýdi.
Hodges munuň "gowy zat boljakdygyny, sebäbi bu syýasatyň Tramp administrasiýasy gelende hem işlejekdigini we, dogrusy, Donald Tramp üçin hem gowy zatdygyny" aýtdy.
Ol Ukrainanyň bu ýaraglary ulanmakda ileri tutýan ugurlarynyň Russiýanyň Kursk sebiti bolmagynyň ähtimaldygyny, Kiýewiň serkerdelik we gözegçilik meýdançalaryna, ýarag ammarlaryna, artilleriýa batareýalaryna zarba urjaga meňzeýändigini aýtdy.
Indiki ileri tutulýan ugur bolsa, Russiýanyň ukrain şäherlerine zarba urmak üçin ulanýan howa meýdançalaryny nyşana almak bolar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şotlandiýanyň Sankt Endrýu uniwersitetiniň strategiki barlaglar professory Phillips O'Brien, öz pikiriçe, bu göçümiň wagtynyň birwagt bolandygyny, ýöne häzirki aladanyň Tramp işe girişeninden soň ol rugsady ýatyryp-ýatyrmazlygy bilen baglydygyny aýtdy.
Ol we beýleki synçylar ABŞ-nyň bu göçüminiň beýleki ýaranlaryň, şol sanda Angliýanyň we Fransiýanyň hem şuňa meňzeş ädim ätmegine itergi berip biljekdigini aýtdylar.
Ukrainanyň Günbatar tarapyndan üpjün edilýän uzak aralyk ýaraglaryny ulanmagy Kiýewiň ýaranlarynyň köpüsi üçin peýdaly, ýöne käbirleri bu Russiýanyň garşylykly jogabyna we has giň Ýewropa urşuna getirer diýip howatyrlanýar.
AP we beýleki habar serişdeleri, çeşmelere salgylanyp, Baýdeniň soňky kararynyň Demirgazyk Koreýanyň Russiýa iberen müňlerçe esgeriniň eýýäm Kursk sebitindäki söweşlere gatnaşýandygy barada çykan habarlara jogap bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.
Kreml Birleşen Ştatlaryň ýa-da beýleki günbatar ýaranlarynyň uzak aralyk ýaraglarynyň Russiýany nyşana almak üçin ulanylmagyna berýän rugsadyna çynlakaý eskalasiýa hökmünde serediljekdigini duýdurdy.
Forum