Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda polisiýa işgärleri patrul ulaglaryny öz hasabyna bejermeli


Ýol polisiýasy. Türkmenistan
Ýol polisiýasy. Türkmenistan

Gündogar welaýatynyň polisiýa işgärlerinden iş üçin berlen awtoulaglary öz hasabyna bejermek talap edildi. Munuň bilen bir wagtda lebaply ýaşaýjylar köçelerde polisiýanyň gözegçiliginiň birden güýçlenendigini we kanun goraýjylaryň dürli bahanalar bilen jerime ýazmaga synanyşýandygyny habar berdiler.

Patrul transportynyň çykdajylaryny polisiýa işgärleriniň hasabyna üpjün etmek tabşyrygy barada Türkmenabat şäher polisiýasyndaky we etrap polisiýa bölümindäki çeşmeler Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde gürrüň berdiler.

“Patrul ulaglary köneldi. Olary bejermek üçin döwlet tarapyndan berilmeli pul bolsa gelmeýär. Batyrlyk görkezip içeri işler ministrliginiň etrap bölüminiň başlygyna ýüzlenmegi hiç kim başaranok. Indi bolsa, her bir patrul ulagy haýsy işgäre berkidilen bolsa, şol ony öz hasabyna bejermeli” diýip, polisiýa işgäri aýdýar.

Türkmenabat şäher polisiýa bölümindäki çeşmäniň sözlerine görä, ähli patrul ulaglary degişli şäher we etrap polisiýa bölümleriniň işgärleriniň hasabyna bejermek hakynda dilden berlen buýruk IIM-iň welaýat bölüminden gelipdir. Çeşmäniň sözlerine görä, polisiýanyň ýolbaşçylary öz işgärlerine ilatdan para almagy aç-açan rugsat berýärler.

“Ýakynda bolan ýygnakda, başlyk paýyş sözleri aýdyp: 'Näme etseňiz ediň, ýöne katalaşkalar [patrul ulaglary] bejerilmelidir. Bu welaýat edaranyň buýrugy. Eýläk ýatsaňyz hem, beýläk ýatsaňyz hem pul ýok, öz günüňizi özüňiz görüň. Köpräk içgili adam tutarsyňyz, ýa-da baýdagyň aşagynda el tutuşyp oturan ýaşlary tutarsyňyz' diýip, güldi-de aç-açan bize para almaga rugsat berdi” diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.

Etrap polisiýa işgäri patrul awtoulagyny abat saklamagyň gymmada düşýändigini we ony bejermek üçin çykdajylaryň polisiýa işgäriniň aýlygyndan esli köp bolýandygyny gürrüň berdi.

"Men şul maşyna seredişim ýaly aýalyma seredemok. Her gezek bejerdenimde 5 müň manada çenli pul harçlaýaryn. Etrapdaky ussalar hem elmydama mugtuna bejerip bermeýär” diýip polisiýa işgäri aýdýar.

Bu aralykda lebaply ýaşaýjylar köçelerde polisiýa işgärleriniň geçip barýan adamlary has köp saklap başlandygyny we dürli bahanalar bilen jerime ýazmaga synanyşýandygyny gürrüň berdiler.

12-nji noýabrda ýolda giçlik öýüne barýan ýerli ýaşaýjy polisiýa tarapyndan saklanandygyny we ondan 250 manat para alandygyny gürrüň berdi: “Giçlik ýadaw halyma öýe barýardym. Birden öňümden patrul ulagy çykdy we içinde oturan polisiýa işgärleri: 'Mün maşyna, gije näme işläp ýörsüň' diýip, alyp gitdiler. Polisiýa bölüminde olar gapynyň agzynda oturan polisiýa işgärine ýüzlenip, ' bu ýolda içgili tutyldy, ýaz protokoly diýdiler"

Türkmenabadyň ýaşaýjysy özüniň dawalaşyp başlandygyny, soňra polisiýa işgärleriniň oňa pul berse goýberiljegini aýdandygyny gürrüň berdi: "Bir salymdan seržantlaryň biri ýanyma gelip elime kagyz gysdyrdy, onuň içinde 250 san ýazyklydy. Men oňa seredip ýanymda ýok diýsem, meni getiren patrul ulagyna mündürip, öýe alyp geldi. Men hem oňa öýden 250 manat çykaryp berdim” diýip türkmenabaty ýaşaýjy öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilat polisiýanyň berk gözegçiliginde ýaşaýar. Awtoulag sürüjileri, köçeden barýan pyýadalar, seýil baglarynda dynç alýan adamlar we hatda el tutuşyp barýan jübütler polisiýa tarapyndan saklanyp, jerimä sezewar edilip bilýär. Polisiýa işgärleri käte jerime ýazýar, käte resmi jerimeden az mukdardan para alyp, goýberýär.

Soňky günlerde Aşgabadyň köçelerinde-de polisiýa işgärleriniň sany esli köpeldi. Azatlygyň habarçylary köçelerde saklanýan awtoulaglaryň sanynyň hem esli artandygyny aýdýarlar.

Paýtagtda anonimlik şertinde gürleşen kanun goraýjy edarasyndaky çeşme ýol polisiýasyna köçelerde awtoulaglary saklap, ýazylýan jerime protokollarynyň sanyny artdyrmagyň tabşyrylandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, sürüjilere ýazylýan jerime 50 manatdan başlanýar. Ortaça jerime 150 manat bilen 200 manat aralygynda bolýar. Käbir sürüjiler günde 3, 4 gezek saklanyp, olara her gezek dürli bahanalar sebäpli jerime ýazylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG