Owganystanyň paýtagtynda 7-nji awgustda irden hökümet edaralarynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň içi bombaly ulagy partlatmagy zerarly tutuş şäheriň içinde ençeme bina ýumruldy we azyndan 15 adam wepat boldy, diýip owgan resmileri habar berdiler.
Kabulyň polisiýasy başda azyndan 10 adamyň ölendigini we 128 adamyň ýaralanandygyny aýtdy, yzýany ölenleriň sanynyň 15 adama, ýaralananlaryň 240 adama ýetendigi habar berildi.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.