Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Gülnara Karimowany derňemekçi


Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa.
Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa.

Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Russiýanyň aragatnaşyk firmalary MTS bilen "Wympelkomdan" alan parasyny Irlandiýanyň, Lüksemburgyň we Belgiýanyň banklarynda goýupdyr.

“Interfaks” habar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-nyň Adalat ministrligi Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň maşgala agzalaryna degişli firmalaryň banklardaky 300 million dollar möçberindäki pulunyň gelip çykyşynyň sudda derňelmegini talap etdi. Sud işiniň bu ýurduň telekommunikasiýa bazarynda alnyp barylýan derňew işleriniň çäklerinde geçirilmeli edilendigi aýdylýar. Derňewçiler Russiýanyň MTS we "Wympelkom" firmalarynyň Özbegistanyň bazaryna girmek üçin prezidentiň gyzy Gülnara Karimowa para berendigini güman edýärler.

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Russiýanyň şol iki firmasynyň amerikan biržalarynda (MTS - NYSE, "Wympelkom" - NASDAQ) iş alyp barýandygy üçin şeýle karara gelipdir. Bank or New York Mellon banky bilen bir hatarda Irlandiýanyň, Lüksemburgyň we Belgiýanyň banklaryndaky ummasyz pullar amerikan howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň ünsüni özüne çekipdir.

Alnyp barylýan işler

"Özbegistan baradaky sud işi" babatda şol bir wagtyň özünde Niderlandiýanyň howpsuzlyk gulluklary hem aýratyn iş alyp barýarlar ("Wympelkom" firmasynyň esasy merkezi Amsterdamda ýerleşýär). Şwesiýa, Şweýsariýa we ABŞ-nyň gymmatly kagyzlar hem biržalar baradaky komissiýasy (SEC) hem bu ugurda işleýärler.

Şwed hökümetiniň alyp barýan derňew işiniň netijesinde Skandinawiýanyň “TeliaSonera” firmasynyň baş müdiri Lars Nýurberg bilen bir hatarda käbir esasy ýolbaşçylar wezipesinden boşadyldy.

Adalat ministrliginiň bellemegine görä, MTS bilen "Wympelkom" para bermek üçin galp geňeşçilik baradaky şertnamalary düzüp, olara Özbegistanyň prezidentiniň maşgalasy bilen baglanyşykly, emma hakykatda welin asla durmuşda bolmadyk galp firmalar bilen özara kontraktlara gol çekişipdirler.

Gülnaranyň interwýusy

Gülnara Karimowa owal "Häzirki döwürde" atly gepleşige beren interwýusynda käbir daşary ýurt firmalarynyň Özbegistanyň bazaryna girmegine we şeýle-de soňky işlerine beren goldawy üçin olardan 1 milliard dollar möçberinde pul alandygyny aýdypdyr.

Guramaçylykly jenaýat guramasynyň merkeziniň derňewine görä, "Wympelkom", “Alfa Telekom”. MTS we ýene birnäçe beýleki firmalar Özbegistanyň prezidentiniň gyzynyň hasabyna 980 million dollardan gowrak pul geçiripdirler.

Raporty taýýarlanlar, “TeliaSonera” firmasynyň Karimowa 381 million dollar, "Wympelkom" we onuň garamagyndaky "Alfa-Telekom" firmasynyň hem 176 million dollar, MTS firmasynyň bolsa 350 million dollara golaý para berendigini öňe sürýärler. Prezidentiň gyzy şeýle-de ýene takmynan 90 million dollary hem Özbegistanda fiberoptiki kabel hyzmatyny gurnan iki firmadan alypdyr.

"ABŞ-ň hökümetiniň biziň bilen belli bir derejede arabaglanşygy bolan pullar babatynda sud işini gozgamagy talap edendiginden habarymyz bar. Biz bu ugurda hökümete derňew işlerinde doly hyzmatdaşlygy hödürleýäris we şonuň üçinem olaryň edýän işini kommentirläp biljek däl" diýip, "Wympelkom" firmasynyň wekili Artýom Minaýew "Interfaks" habar gullugyna beren interwýusynda aýdypdyr.

ABŞ-nyň Adalat ministrligi MTS firmasynyň Özbegistanda alyp barýan işlerini eýýäm bir ýyldan köp wagtdan bäri derňäp gelýär. MTS firmasynyň wekili bolsa pul serişdeleriniň ulanylyşy babatda sud işini gozgamak talabyny kommentirlemekden ýüz öwürýär.

Özbegistanyň kazyýeti bolsa prezidentiň gyzyny bikanun ýagdaýda 53 million dollary öz hasabyna geçirmekde aýyplaýar. Gülnaranyň hut özüniň aýtmagyna görä, ol häzirki ýagdaýda öý tussaglygynda saklanýar.

XS
SM
MD
LG