Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap prezidentiň saparyna taýýarlanýar


Prezident Berdimuhamedowyň Türkmenabada planlaşdyrýan saparyna görülýän taýýarlyklar bu gezek has irgözinden başlandy. Indi tas iki aýdan bäri köçeler arassalanýar, protokol köçeleriň gapdalyndaky binalar aklanylýar, olar dürli bezegler bilen bezelýär.

Bu taýýarlyk işleri, esasanam, Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesinde göze ilýär. Köçäniň ýakyn wagtlarda asfaltlanan bölekleri-de häzir gaýtadan asfaltlanýar.

Mundan öňki gezeklerde bolşy ýaly, prezidentiň gelmegine görülýän taýýarlyklaryň uly bir bölegi bu gezegem hökümet işgärleriniň boýnuna düşýär.

Onsoň soňky wagtda her gün diýen ýaly Türkmenabadyň protokol köçelerinde dürli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryny we şol edaralaryň işgärlerini eli subseli görse bolýar.

Taýýarlygyň depgini

Prezidentiň edil haýsy gün Türkmenabada gelýändigi hakda halk köpçüligine takyk maglumat berilmeýär. Emma taýýarlyk her gün onuň ertir gelmegine garaşylýan ýaly depginde alnyp barylýar.

Şeýlelikde bu aladalar diňe hökümet işgärlerine däl, onuň geçmeli köçesiniň ýaşaýjylaryna hem täsirini ýetirýär.

Şäheriň ýaşaýjylaryndan biri Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde: “Bir gezek el uran bolsalar, birýanly edip gitseler bolýar-a, ýogsam binanyň bir tarapy jäjek, beýleki tarapy bolsa möjek bolup dur” diýip, öz jaýynyň diňe bir tarapyny reňkläp gidişlerinden nägileligini bildirýär.

Ýaşaýjylardan birugsat...

Şeýle çäreler, adatça, ýaşaýjylardan birugsat amala aşyrylýar. Şeýle-de indi ep-esli wagtdan bäri köçäniň ugrundaky ýaşaýjylara goş-golamlaryny köçeden görünmez ýaly ýerlerde goýmaklyk tabşyrylýar.

Resmi häkimiýetleriň bu tabşyrygy ýaşaýjylaryň öz jaýlarynyň balkonyndan peýdalanmak mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Okuwçylara ýetirýän täsiri

Prezidentiň saparyna taýýarlyk, mundan öňki gezeklerde bolşy ýaly, bilime hem öz täsirini ýetirýär. Okuwçylar indi ep-esli wagtdan bäri prezidentiň saparyna taýýarlyk işlerine gatnaşýarlar. Olaryň medeniýet hepdeligine çekilýänlerem bar.

Soňky iki aýdan bäri orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylarynyň gününiň esasy bölegi çäre meýdanlarynda geçýär. Şeýle uýşmeleňleri bolsa, hususan-da şäher aeroportunyň, sazly-drama teatrynyň we Ruhyýet kösgüniň öňünde görse bolýar.

Bu ýagdaý diňe okuwçylaryň kadaly bilim almagyna däl, eýse olaryň saglyk ýagdaýlaryna hem täsir ýetirýär, sebäbi howanyň häzirki ýaly gyzgyn günlerinde okuwçylar uzakly gün yssy howada çärä taýýarlanýarlar.

Şeýle çäreleriň geçirilýän günlerinde degişli ýollaram uzakly gün ýapylýar, bu hem kadaly gatnawa erbet täsirini ýetirýär. Garaz, prezidentiň geljekki sapary, soňky iki aýdan bäri türkmenabatlylaryň durmuşynyň ähli ugruna öz täsirini ýetirýär.

XS
SM
MD
LG