Owgan howpsuzlyk güýçleri 21-nji iýunda demirgazykdaky Gunduz welaýatynda bir etrapda garşylykly hüjüme taýýarlanýandyklaryny, sebäbi “Talyban» söweşijileriniň we «Yslam döwleti» toparyna ygrarly merkezi aziýaly jeňçileriň bu etraby ele geçirendigini aýdýarlar.
Gunduzyň welaýat geňeşiniň başlygy Mohammad Ýusuf Eýýubi jeňçileriň hökümete tarapdar ýerli milisiýa garşy iki gün urşup, 20-njy iýunda Çardere etrabyny ele geçirendiklerini tassyk etdi.
Çardere etraby Gunduz şäheriniň günbatarynda ýerleşýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Gunduzdaky habarçysy welaýat paýtagtynyň 5 km çemesi günbataryndaky Gunduz derýasynyň indi, jeňçiler bilen hökümet kontrollugyndaky territoriýanyň arasynda galyp, strategiki taýdan möhüm tebigy araçäge aýlanandygyny aýtdy.
Azatlyk radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady Gunduzda 70 töweregi owgan harbysynyň jeňçileriň gabawynda galandygy barada habar berilýändigini aýdýar.
Ol Gunduz welaýatynyň goňşylygynda ýerleşen Baglan welaýatynda hem çatyşygyň dowam edýandigini habar berýär.
Şu aralykda Owganystanyň Içeri işler ministrligi Badahşan welaýatynyň Ýumgan etrabynyň jeňçilerden yzyna alnandygyny mälim edipdir.
Aýdylmagyna görä, «Talyban» Gul Tepe töwereginde, welaýat paýtagtynyň demirgazyk-günbatar tarapynda hem pozisiýa eýeläpdir.
«Talyban» we merkezi aziýaly jeňçiler Gunduz welaýatyndaky hüjümlerine aprel aýynda, 2000 çemesi söweşiji toplanlaryndan soň başladylar.
Demirgazyk Owganystandaky jeňçileriň köpüsi geçen ýyl Pakistandan, pakistan goşunlarynyň ýurduň Demirgazyk Waziristan tire töwereklerine gurnan hüjüminden gaçyp geldiler.
Inlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.