Kiýew gündogar Ukrainada separatistleriň hatarynda söweşip, ýesir alnan orsýetli diýilýän esgeriň sorag edilýändigini görkezýän wideony ýaýratmak arkaly Ženewa konwensiýasyny bozýarmy?
Karl Schreck Ukrainadaky konfliktde uruş ýesirleriniň sorag edişligi gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda söweşler başlanaly bäri yzygiderli aladalanma döredip gelýär.
Orsýetçi pitneçiler ýesir alnan ukrain harbylaryny gahar-gazaply märekäniň öňünden geçiripdiler.
Ukraina ýesir düşen orsýetçi desantçylaryň kameranyň öňünde boýun alyp edýän çykyşlaryny görkezipdi.
Şeýle-de YouTubda çap edilen birnäçe wideoda separatistleriň eline düşen ukrain esgerleriniň gynamalara sezewar edilýändigi görkezilipdi.
Şu hepdede Kiýewiň separatsitleriň hatarynda söweşen orsýetlidigi aýdylýan iki harby gullukçysyny ýesir almagy Ukrainanyň harbylara çemeleşmekde Ženewa konwensiýasyny berjaý edýändigini ýene-de sorag astynda goýdy.
YouTube saýtynda ýerleşdirilen wideoda orsýetlileriň biriniň kamera garap ýatan wagtynda sorag edilýändigi görkezilýär. Sorag edilýän wagtynda onuň keselhanada bolandygy çak edilýär.
Özüni Orsýetiň harbysy Aleksandr Aleksandrow diýip tanadan esger özüniň Orsýetiň Tolýatti şäherindendigini we ýörite güýçleriň düzüminde bolandygyny aýtdy.
“Biziň [ýerimizi] anykladylar. Yza çekiljek bolanymyzda, aýagymdan ýaralandym. Biz bu ýerde dört ýa bäş gün bolupdyk” diýip, ol özünden sorag eden sülçülere aýtdy.
Gorkuly görünýän esger ýuwaş jogap berende, sülçüler onuň özüne berilýän soraglara batly jogap bermegini talap etdiler.
Aleksandrowyň wideosy 18-nji maýda Ukrainanyň kanun çykaryjysy we içeri işler ministriniň orunbasary Anton Geraşenkonyň Facebookdaky sahypasynda ýerleşdirildi we wideonyň Ženewa Konwensiýasyna ters gelýändigi barada tankydy çykyşlary güýçlendirdi.
Konwensiýa uruş ýesirleriniň köpçüligiň öňüne çykarylmagyny gadagan edýär.
“Bu uruş ýesirlerine çemeleşmek boýunça Ženewa düzgünlerini depeleýär” diýip, Strategik barlaglar boýunça halkara merkeziniň we Ženewanyň howpsuzlyk syýasaty boýunça merkeziniň müdiri Francois Heisbourg Twitterde wideo barada ýazan maglumatynda aýtdy we “Ukraina eýýäm bar bolan kynçylyk başga zat gerek däl” diýip belledi.
Kiýew, NATO we günbatar hökümetleri bu wideoýazga Moskwanyň pitneçileri harbylar, ýaraglar we türgenleşikler arkaly goldaýandygyna şübhe goýmaýan bir subutnama hökmünde garaýarlar.
18-nji maýda Orsýetiň Goranmak ministrligi Aleksandrowyň we ýesir düşen beýleki harby Ýewgeniý Ýerofeýewiň Orsýetiň goşunynda gulluk edendigini, emma olaryň ýesir düşen wagtlarynda gullukda bolmandygyny aýtdy.