Soňky günler Owganystanyň Gunduz welaýatynda söweşiji toparlar bilen hökümet güýçleriniň arasynda söweşleriň täze bir tapgyrynyň tutaşandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosynyň direktory Muhammad Tahir bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Owganystanyň Gunduz welaýatynyň gubernatory Omer Safi bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Jenap gubernator, Gunduz welaýatynyň birnäçe ýerinde söweş barýandygy aýdylýar, soňky söweşler haçan başlandy?
Omer Safi: Pitneçiler anna güni Gunduzyň bäş etrabynda hüjüm planlaşdyrdylar. Olaryň niýeti biziň Badahşana gönügen ünsümizi başga ýana sowamakdan ybaratdy. Mundanam başga, olar şol ýerleriň käbir böleklerini öz ellerine geçirmek isleýärler. Duşman örän ýowuz hüjüm etdi we biz Balh, Samangan, Baglan we Tahar ýaly dürli welaýatlardaky howpsuzlyk güýçlerini bu ýere gönükdirmeli bolduk.
Emma nähili gazaply hüjüm etse-de, duşman öz islegine ýetip bilmedi, biziň howpsuzlyk güýçlerimiz olaryň öňüni aldy. Indi biz goranmak pozisiýasyndan hüjüm pozisiýasyna geçmekçi bolýarys we basym duşmana garşy hüjüm ederis.
Azatlyk Radiosy: Jenap gubernator, Gunduz şäheri nähilidir bir ýagdaýda howp astyndamy?
Omer Safi: Hawa, duşman Gunduz şäherine dürli ýerlerden hüjüm etmegi planlaşdyrýar. Ýagny olar Gunduza barýan ýollary, Gunduz-Aliabat, Gunduz-Hanabat we Ymam Sahyb taraplaryny baglamak isleýärler. Emma biz häzir doly hyzmatdaşlykda, bu ýerde Kabuldan ýokary derejeli delegasiýa bar, Howpsuzlyk güýçleriniň, Goranmak ministrliginiň wekilleri bar we biz duşmandan abanýan howp-hatarlaryň soňuna çykmak üçin bilelikde işleýäris.
Azatlyk Radiosy: Siz Gunduz şäheriniň töweregindäki, Aliabatdaky söweşleri agzadyňyz. Men ýaňy Gunduz welaýatynyň Ymam Sahyb diýen ýerinde söweşe gatnaşýan ýerli komandir, arbeki komandiri bilen gürleşdim. Siz bize Gunduz welaýatynda barýan söweşleriň kartasyny berip bilmezmisiňiz?
Omer Safi: Biz häzir Ymam Sahybda söweş operasiýalaryna gatnaşýarys. Ymam Sahybda biz iki ýerde söweşýäris, olaryň biri şäheriň merkezinde, beýlekisi ondan 30 km uzaklykda, biziň howa bazamyzda. Duşman şäher bilen şol bazanyň arasyndaky esasy ýoly kesmek isleýär. Biz ol ýere gyssagly hereket güýçlerini iberdik we şäher bilen bazanyň arasyndaky ýoluň kesilmezligine köp üns berýäris.
Azatlyk radiosy: Siz ol ýerde häzir näçeräk jeňçi bar diýip hasaplaýarsyňyz?
Omer Safi: Häzir Gunduz welaýatynyň esasy etraplarynda üç müň çemesi jeňçi jemlenendir diýip çak edýäris. Öldürilen jeňçileriň arasyndan çeçen milletinden, täjik milletinden bolan adamlaryň jesetleri tapyldy. Mundan başga, «talyban» söweşijileriniň arasynda başga-da bir topar daşary ýurtly bar ýaly görünýär.
Azatlyk Radiosy: Sizde jeňçileriň arasyndaky daşary ýurt söweşijileriniň anyk sany ýa-da prosenti barada maglumat barmy?
Omer Safi: Ýok, gynansak-da, bizde beýle anyk maglumat ýok, emma çaklamalara görä, olaryň arasynda 70-den 90-a çenli aralykda daşary ýurtly söweşiji bar.
Azatlyk Radiosy: Jenap gubernator, biz jeňçileriň Gunduz welaýatynda öňräkden bäri bardygyny bilýäris, olar köpleýärmi?
Omer Safi: Olar başga dürli ýerlerden adam getirýärler. Düýn biz şäher derwezesiniň golaýynda duşman söweşijileriniň iki sanysynyň jesedini tapdyk, soň meniň ýanyma Balh welaýatynyň ýaşululary gelip, olary Balhda jaýlamak üçin bermegimizi soradylar. Biz derňäp görsek, olar hakykatdanam Balh welaýatynyň ýaşaýjylary eken. Şu ýagdaýdan çen tutulsa, duşman dürli ýerleriň adamlaryny bir ýere jemlemäge çalyşýar.
Azatlyk Radiosy: Soňky döwür jeňçileriň demirgazyk Owganystanda has güýçlenip başlamagyny Pakistanyň demirgazyk Waziristanda geçiren operasiýalary bilen baglanyşdyrýanlar hem bar. Siziňçe, bu ýerde hakykatdanam bir baglanyşyk barmy?
Omer Safi: Bu aýdylýan dogry, Waziristanda geçirilen operasiýalardan soň pitneçileriň bir topary, maşgalalary bilen, ilki Badahşan, soňra Gunduz töwereklerine aralaşdylar. Görnüşinden, duşman öz söweş strategiýasyny we syýasatyny üýtgedene çalym edýär. Sebäbi olar ozal Owganystanyň günortasyna köp üns berýärdiler, emma indi Owganystanyň demirgazygyna has köp üns berýärler. Bilşiňiz ýaly, Sarypulda, Farýabda, Badahşanda we Gunduzda söweşler barýar.
Azatlyk Radiosy: Ol jeňçileriň bir böleginiň «talyban», ýene bir böleginiň bolsa «Yslam döwleti» topary bilen baglydygy barada habarlar bar. Bu mesele siziň welaýatyňyzda nähili görünýär.
Omer Safi: Bu aýdylýan dogry, biz muňa şaýat bolduk, olaryň käbiri ak baýdakly, käbiri gara baýdakly. Emma olar bu ak-garanyň özlerini bölmeýändigini, ýagny öz aralarynda tapawudyň ýokdugyny yşarat edýärler, bir-birlerine tutýan maksatlarynyň birdigini ynandyrmaga çalyşýarlar.
Azatlyk Radiosy: Diýmek, onda olar bir-birleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler-dä, şeýlemi?
Omer Safi: Edil özi, hut şeýle.
Azatlyk Radiosy: Gunduz welaýaty häzirki pursatda jeňçileriň näderejede kontrolynda ýa täsirinde diýip bolar?
Omer Safi: Häzir Gunduz welaýatynyň 30 prosentden 40 prosente çenli ýeri jeňçileriň howpy ýa-da kontroly astynda, galan ýerler bolsa hökümetiň kontrolynda.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.