Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Merkezi Aziýa strategiýasyny täzeledi


Döwlet departamentiniň resmis Riçard Hogland «biziň uzak möhletli strategiýamyz Merkezi Aziýany, şol sanda Owganystany ýene bir gezek global söwdanyň çatrygyna öwürmek" diýdi.
Döwlet departamentiniň resmis Riçard Hogland «biziň uzak möhletli strategiýamyz Merkezi Aziýany, şol sanda Owganystany ýene bir gezek global söwdanyň çatrygyna öwürmek" diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti regiondaky syýasy-ykdysady nämälimlik mahalynda Amerikanyň Merkezi Aziýa babatdaky synyny tamamlandygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlar özüniň Merkezi Aziýa babatdaky strategiýasynyň täzelenen görnüşini taýýar etdi, bu sebit ukrain konfliktiniň fonunda ykdysady gowuşgynsyzlyga düşen Orsýet we gartaşan awtokratlaryň gümürtik mirasdüşerligi bilen baglylykda syýasy-ykdysady nämälimlik bilen ýüzbe-ýüz dur.

Strategiýanyň täzelenmegi diňe geçen ýyl Orsýetiň Ukraina harby interwensiýasy bilen hem bagly däl. Bu syn Kremliň hereketleriniň Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatyna töwerekleýin täsir ýetirýändigini görkezýär diýip, ekspertler aýdýarlar.

Täzelenen strategiýa

«ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň adminstrasiýasy golaýda pudagara syýasat synyny gaýtadan gözden geçirdi. Onda biziň Merkezi Aziýa hökümetlerine we halklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygymyz tassyklandy» diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözüçisi Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna aýtdy.

Döwlet departamenti synyň jikme-jikliklerini açmakdan boýun gaçyrdy we onuň haçan elýeterli boljagyny aýtmady. Ýagdaýdan habarly adamlar bu synyň netijeleriniň gelýän hepdelerde aýan edilmegine garaşýandyklaryny aýtdylar.

Döwlet departamentiniň sözçüsiniň aýtmagyna görä, ABŞ regional howpsuzlygy saklamak, regional we dünýä bazarlary bilen ykdysady integrasiýany ýokarlandyrmak, adam hukuklaryna we demokratiki dolandyryşa hormat görkezmek, özara bähbitli beýleki ikitaraplaýyn we regional meseleleri ilerletmek üçin «Merkezi Aziýa hökümetleri bilen işleşmegini» dowam etdirer.

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileriniň golaýda eden beýanatlary täzelenen syýasatyň Waşingtonyň Merkezi Aziýa babatdaky ozalky syýasatyndan uly bir üýtgeşikliginiň bolmajagyny görkezdi.

Ozalky syýasat ABŞ we NATO güýçleri Owganystandan çykandan soň «Täze ýüpek ýoly» inisiatiwasynyň durmuşa geçirilmegini, durnuklylygy berkitmek üçin regional söwdanyň ösdürilmegi ýaly maksatlary öz içine alýardy.

«Täze ýüpek ýoly» planynyň durmuşa geçirilişi gowuşgynsyz hem bolsa, Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Riçard Hogland 18-nji martda Waşingtonda sözlän sözünde «biziň uzak möhletli strategiýamyz Merkezi Aziýany, şol sanda Owganystany ýene bir gezek global söwdanyň çatrygyna öwürmek" diýdi.

Progres bar

“Öňegidişlik bolup geçýär. 2009-njy ýyldan bäri Merkezi Aziýadaky regionara söwda 49 prosent ýokarlandy, 2011-nji ýyldan bäri bolsa, regionyň serhetlerinden geçýän harytlaryň bahasy 15 prosent aşaklady» diýip, Hogland entek edilmeli işleriň hem kändigini sözüne goşdy.

Merkezi Aziýa boýunça ekspertler «Täze ýüpek ýoly» inisiatiwasynyň Hytaýyň Merkezi Aziýanyň içinden öz «Ýüpek ýoly» söwda ýollaryny gurmak babatda edýän agressiw dyzmaçlygy netijesinde bökdelýändigini aýdýarlar.

ABŞ resmileri regiondaky amerikan we hytaý tagallalary bir-birine gapma-garşy däl we olary bir-biriniň üstüni ýetirip biler diýýärler.

Şu aralykda Orsýet regionyň iň uly ykdysadyýetini, nebite baý Gazagystany Kremliň baştutanlygyndaky Ýewraziýa ykdysadyýet bileleşigine salmagy başardy. Merkezi Aziýanyň ýene bir respublikasy Gyrgyzystan bolsa bu gurama maýda girmekçi.

Awtokratlar meselesi

Mundanam başga, regiondaky hökümetler, hususan-da Gazagystan bilen Özbegistan näbelli syýasy gelejek bilen ýüzbe-ýüz dur. Gazagystanyň prezident Nursoltan Nazarbaýew hem, özbek prezidenti Yslam Kerimow hem 70-den aşan adamlar, emma olar ýene prezidentlik möhletlerini uzaltmaga synanýarlar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we gaza baý Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz döwletlerinde iň ýokary wezipä ornaşyp, anyk-aýdyň mirasdüşersiz ýurt dolandyrýarlar.

Bu hökümetleriň liderleri hukuk toparlary we Günbatar resmileri tarapyndan adam hukuklarynyň bozulmalary diýilýände tankyt edilýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG