Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: 1000 adamlyk dollar nobatlary


Marydaky dollar nobatlary
Marydaky dollar nobatlary

Bir hepdeden gowrak wagt bäri Türkmenistanda dowam edýän dollar gytçylygy şu günler “söwdagärler şäheri” bolan Maryda has hem ýiti duýulýar. Käbir banklar adam başyna her gün satylylmaly edilen 1000 amerikan dollaryny hepdede bir gezege getiren bolsalar, käbirleri bu normany aýda bir gezege çenli azaltdylar.

Maryda ýerleşýän “Senagat” we “Turkmen-türk” banklary adam başyna müň dollary hepde-de bir gezek, “Türkmenistan” we “Türkmenbaşy” banklary bolsa bu puly aýda bir gezek satýarlar. Häzirki döwürde diňe “Daýhan” bankyndan adam başyna her günde 1000 dollar satyn alyp bolýar.

Nobatlar

Onsoň “Daýhan” bankynyň öňi her gün ullakan toý märekesini ýatladýar. “Daýhan” bankynyň öňünde dollar almak üçin nobata duran adamlaryň sany kähalatlarda müňden geçýär. Olaryň arasynda dört günden bäri nobata garaşýan adamlar hem bar.

Nobata duran raýatlardan bir aýal Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Men şu taýda (nobatda) bir müňünjem bolup gördüm. Men bir ýüzünjem bolup gördüm. Men bäş ýüz näçinjem bolup gördüm. Ol spisok ýyrtylýar, o ýöreýär diýilýär, (soň) ol hem ýyrtylýar, spisok eden bolýarlar, yzyny hudaý bilsin. Nesibäň çekip alybilseň-ä alýaň, alybilmeseňem - alanok. Käwagta spisoga seredýärler, käwagtam ýeke pasportyňy alýarlar. Biz şu taýda dört gün yzygiderlem ýazylyp gördük. Eline ruçka alanam spisok ýazýar. Nätsegem, alyp bolmady”.

Adynyň agzalmagyny islemedik bu aýalyň gürrüňlerinden çen tutulsa, spisok, ýagny sanaw ýazmak üçin bir gezek nobata durulýar, pul çalyşmak üçinem ýene bir gezek nobata durulýar. Olaryň hersi üçin näçe gün gatnabam, pul alyp bilmeýänler kän.

Nobatlar gün saýyn uzansoň, adamlaryň arasynda dürli dawa-jenjellerem ýüze çykýar. Onsoň dollar çalyşýan banklaryň öňünde howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri gözegçilik edýärler. Olar dawa-jenjelleriň ula gitmezligi üçin öz wagtynda ýagdaýa ser salyp durýarlar.

Aladalar

Dollar almak baradaky bu aladalar Türkmenistanda geçen ýylyň soňky aýlarynda, dollaryň hümmeti ýokarlanyp, manadyň hummetiniň bolsa pese gaçjakdygy baradaky myş-myşlardan soň peýda boldy.

Şeýle habarlaryň ilki duýlup başlamagyndan birki hepde geçensoň, 1-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Merkezi banky manadyň hümmetini hakykatdan hem peseldip, 1 dollaryň 2.85 manatdan däl-de, eýse 3.50 manatdan satylmalydygy barada karar çykardy.

Bu çäre dollaryň töweregindäki aladany birki hepde köşeşdiren hem bolsa, soňky iki hepdeden bäri dollara bolan talap ýene artyp ugrady. Hatda bir dollar bäş manada deň boljakmyş diýen myş-myşlar sebäpli nobata duranlaryň sany käbir ýerlerde müňlerçe adam baryp ýetýär.

Şu wakalaryň fonunda 31-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, manadyň hümmediniň peseldilmegi barada ýanwaryň başynda gelnen karara salgylanyp, şol çäräniň sebäbiniň halkara bazarynda bolup geçýän ýagdaýlara baglydygyny aýtdy.

“Dünýäde nebitiň we gazyň bahalarynyň birden pese düşmegi bilen bagly dörän ykdysady çökgünlik sebäpli biz hem adaty bolmadyk çäreleri görmeli bolduk. Harytlaryň we hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşleriniň nyrhlaryny az-kem ýokarlandyrdyk, manadyň daşary ýurt puluna görä erkin ýörgünliligini, hümmetini biraz peseltdik” diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

Prezident derejesinde manadyň hümmeti bilen bagly dörän aladalaryň ykrar edilmegi Türkmenistanda o diýen adaty ýagdaý däl, şol bir wagtyň özünde-de prezidentiň bu çykyşy adamlaryň dollar almaga ýykgyn edişine hiç hili täsirini ýetirmedi.

Hatda häzirki döwürde ýakynda bir dollaryň bahasynyň bäş manada göteriljekdigi barada halk arasynda myş-myşlar bar. Gara bazaryň gadagan edilmegine garamazdan, iň bärkisi Mary barada gürüň edilende, bu bazar ýene döredi we şol bazarda bir dollar häzirki wagtda 4.9 manatdan satylýar.

XS
SM
MD
LG