Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde ýene ok atyşyk boldy


Polisiýa bölüminiň öňünde, Pariž, 8-nji ýanwar, 2015.
Polisiýa bölüminiň öňünde, Pariž, 8-nji ýanwar, 2015.

Polisiýa Parižde iki ofiseriň atylyp, agyr ýaralanandygyny aýtdy, emma bu wakanyň 7-nji ýanwarda “Çarli Hebdo” satiriki žurnala edilen hüjüm bilen nähili gatnaşygynyň bardygyny anyklaşdyrmady.

Polisiýa ok atyşygyň 8-nji ýanwarda Parižyň günorta böleginde bolandygyny habar berdi.

Polisiýadaky çeşmäniň “Frans Press” agentligine (AFP) aýtmagyna görä, ok geçirmeýän keltekçeli adam awtomatik ýaragdan polisiýany oka tutupdyr.

Içeri işler ministri Bernard Kaznew (Bernard Cazeneuve) Porte de Chatillon diýen ýerde, wakanyň bolan ýerine bardy.

7-nji ýanwarda yslamçylar bolmakda şübhelenýän ýaragly adamlaryň “Çarli Hebdo” žurnalyna eden hüjümi zerarly 12 adam wepat boldy.

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls 8-nji ýanwarda eden çykyşynda, hususan-da “Biz öň görlüp-eşidilmedik terrorçylyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, içerde hem daşarda” diýip belledi.

Güman edilýän günäkärleriň biri häkimiýetlere özüni tabşyrdy we polisiýa beýleki ikisini gözleýär. Olaryň “ýaragly we howplydygy” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG