Şahyr Gurbannazar Ezizowyň "Sungat" diýen goşgusynda şeýle setirler bar:
"Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri,
Lokga daşyň ähli artyk bölegin
Ýonup, döredýärler ajap eseri..."
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda nowjuwan wagty aramyzdan giden şahyryň öldürilenine 40 ýyl dolýar.
2014-nji ýylda, gapdalyndan geçýän ýoluň giňeldilmegi we beýgeldilmegi bilen, Gurbannazar Ezizowyň, onuň galamdaş dostlary Ýuriý Rýabininiň, Wasiliý Şabanowyň we olaryň sürüjisiniň gaçgak söwet esgeri tarapyndan 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda (Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň 303-nji kilometrinde) atylyp öldürilen ýerinde oturdylan Hakyda daşyna adamlaryň sowlup geçmesiniň kynlaşandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly şahyr Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.