Owganystanyň milli Mejlisiniň ýokary öýi demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagynyň sebäbini soramak üçin owgan resmilerini we harby serkerdeleri mejlise çagyrdy. Bu mesele bilen baglanyşykly demirgazyk Owganystanda ýerleşýän welaýat häkimleri hem owgan paýtagty Kabula çagyryldy.
Şol bir wagtyň özünde Owganystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Ikrameddin Ýawar demirgazykda howpsuzlygyň kadaly däldigini boýun aldy.
Bu wakalar barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.