Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda “Talyban” söweşijilerine garşy göreşýän “Arbaki” atly türkmenleriň ýaragly toparynyň ýene bir komandiri öldürildi. Gunduzyň Akdepe etrabynda bolan çaknyşykda Nadyr komandir heläk bolup, onuň bir jan penasy ýaralandy.
Ýerli ýaşaýjylaryň berýän maglumatyna görä, çaknyşykda “Talyban” söweşijilerinden hem ençemesi öldürilipdir.
Şol bir wagtyň özünde Owganystanyň Içeri işler ministrligi hem “Arbaki” atly türkmenleriň ýerli ýaragly toparynyň “Talyban” söweşijilerine garşy göreşde üstünlik gazanýandygyny mälim etdi.
Bu wakalar barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady giňişräk maglumat berýär. Maglumaty aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.