Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hökümet gorkanda habarça basyş edýär"


Metbugat çäklendirmesi
Metbugat çäklendirmesi

Soňky iki hepdäniň içinde Azatlyk Radiosynyň 3 habarçysy Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluyklary tarapyndan soraga çekilip, olara taýýarlaýan makalalary bilen baglylykda basyş görkezildi.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir türkmen resmileriniň bu ugurda alyp barýan işlerine syn berdirmek üçin ABŞ-nyň Kongresiniň Helsinki komitetiniň syýasy maslahatçysy Janise Helwig bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky 10 günlükde Türkmenistanda käkimiýetler tarapyndan Azatlygyň azyndan üç habarçysy sorag edildi. olardan ikisi habar taýynlap ýören ýerinden güýç bilen alnyp gidildi. Bu ýagdaýa siz nähili baha berýärsiňiz?

Janise Helwig: Metbugat azatlygy adam hukuklarynyň iň esasy azatlyklaryndan biridir. Bu halkyň öz töwereginde, öz ýaşaýan jemgyýetinde bolup geçýän dürli wakalardan habarly bolmagy üçin žurnalistlariň erkin işlemäge, žurnalistik derňew geçirip raport taýýarlamaga hukugy bolmagy diýmekdir.

Türkmenistanyň hökümetiniň žurnalistlere, hamana, özüne howp hökmünde garamagy gaty gynandyryjy ýagdaý. Haçan-da žurnalistler bir mesele hakda raport taýýarlap başlanlarynda, häkimiýetleriň olaryň işini basyp ýatyrmaga synanyşmagy gaty gynandyryjy ýagdaý.

Ýaňky gürüňini eden wakalaryňyz Türkmenistanda Abadanda bolan partlamadan soňky ýagdaýlary ýatladýar. Şol wagt [erkin žurnalistleriň berýän] maglumatlary esasynda ýerli halk bolup geçen waka göz ýetirmäge synanyşýarka, hökümet şol partlamalar bilen bagly ähli diskussiýalary dymdyrmaga çalşypdy.

Azatlyk Radiosy: Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna edilýän basyşlar bilen bagly, şu günki gürrüňini edýän ýagdaýlarymyz birinji gezek bolan wakalar däl. Siz mundan ozal şonuň ýaly meseleler boýunça türkmen resmileri bilen gepleşikler geçiren bolmaly. Haçanda ýurtda žurnalistlere edilýan basyşlar baradaky meseleleri gozganyňyzda, olar nähili reaksiýa görkezýärler?

Janise Helwig: Olar, elbetde, Türkmenistanda metbugatyň azatdygyny aýdýarlar. Emma Türkmenistanda media azat däl, men oňa doly göz ýetirýärin. Meselem, bu ýagdaýa Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanallaryň mysalynda seretsek, olar diňe hökümetiň aýdanyny edýärler.

Elbetde, Türkmenistanda metbugatyň azat däldigi her jähtden äşgär, metbugat doly hökümetiň eýeçiliginde, ýurtda garaşsyz pikirleri beýan edip biljek metbugat ýok, gazet, telekanal, esasanam, internet platformalary ýok.

Azatlyk Radiosy: Janise, siz diňe Türkmenistan däl, metbugat azatlygy barada beýleki ýurtlar bilen baglanyşykly geçirilýän ýygnaklara hem gatnaşýarsyňyz. Žurnalistlere basyş etmek bu çäräni amala aşyrýan ýurtlaryň abraýyna nähili täsir edýär?

Janise Helwig: Bu ädim hökümetiň demokratik esaslara görä dolandyrylmaýandygyny, jemgyýetiň erkin däldigini görkezýär. Haçan-da žurnalistlere basyş edilip başlananda, bu hökümetiň öz raýatlaryndan gorkýandygyny ýa-da dogry sözden, hakykatdan gorkýandygyny görkezýär.

Biz munuň ýaly ýagdaýlara regionda gaty köp duş gelýäris. Orsýetde we Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlarda-da şonuň ýaly ýagdaýlar göze ilýär. Häzirki döwürde Azarbaýjanda hem žurnalistler öz professional işleri sebäpli türmelere basylýarlar.

Munuň ýaly hereketler graždan jemgyýetçiligi, garaşsyz media we syýasy oppozisiýa ýaly ugurlar bilen meşgullanýan, garaz, hökümetiň halamaýan islendik ugurlary boýunça iş alyp barýan toparlara berlen gönüden-göni bir duýduryş bolup durýar.

XS
SM
MD
LG