Türkmen hökümeti ýurtda täze ýollaryň gurulmagy, öňden bar bolan gara ýollarda gurluşyk işleriniň geçirilmegi üçin ençeme million amerikan dollary möçberinde maliýe goýýandygyny wagtal-wagtal yglan edýärler.
Emma muňa garamazdan, ýurduň welaýatlarynda we şäherlerinde esasy gara ýollaryň abat däldigi we munuň ýol heläkçiligine sebäp bolýan ýagdaýlaryň biridigi aýdylýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat-Atamyrat (öňki Çärjew-Kerki) aralygyndaky esasy ýolda şu günki gün döreýän howply ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýew gürrüň berýär.