Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda uly gurluşyk meýdanyna öwrüldi diýilýär, şol bir wagtda bu ýyllarda, resmi maglumat cap edilmese-de, türmä basylýan raýatlaryň sany hem köpeldi.
Diňe köp sanly günä geçişlerde azatlyga çykýan tussaglardan çen tutulanda hem, her ýyl müňlerçe adam türmä basylýar we türmeden boşadylýar.
Eýsem şol tussaglar türmede näme işleýär ýa-da näme işledilýär.
Olara eden işleri üçin hak tölenişi nähili?
Şeýle-de olar türmedäki iş ýagdaýynda tehniki howpsuzlyk talaplaryny, geýim-gejim, saglyk talaplaryny öňe sürüp bilýärlermi?
Azatlyk radiosy bu meseleler barada ozalky tussag Nurberdi Nurmmädow bilen söhbetdeş boldy.