Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe kürtlere ýardam berýär


Türkiýeli kürtler Siriýanyň Kobani şäherine seredýär, Mursitpinar serhet geçelgesi, 20-nji oktýabr, 2014
Türkiýeli kürtler Siriýanyň Kobani şäherine seredýär, Mursitpinar serhet geçelgesi, 20-nji oktýabr, 2014

Türkiýäniň hökümeti Siriýanyň gabawdaky Kobani şäheriniň “Yslam döwletiniň” jyhadçylaryna garşy göreşine ýardam bermek üçin bu ýere Yragyň kürt söweşijilerini geçirmäge goldaw berýär.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu syýasatyň üýtgändigini 20-nji oktýabrda Ankarada mälim etdi. Ol bu mesele boýunça gepleşikleriň geçýändigini žurnalistlere aýtdy, emma bu hadysa barada jikme-jik maglumat bermekden boýun gaçyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 18-nji oktýabrda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefon arkaly gepleşdi we Kobanidäki ýagdaýlary maslahat etdi.

19-njy oktýabrda ABŞ-nyň harbylary şäheriň kürt söweşijilerine ýaraglary we harby enjamlary öz içine alýan kömek ýüklerini howadan ýere oklamak arkaly gowşurdy. Kobanide kürtleriň ýaragly güýçleriniň metbugat wekili howadan ýetirilen ýükleriň “örän kömek” berendigini aýtdy.

ABŞ-nyň harbylarynyň beýannamasyna görä, ABŞ Kobaniniň daşynda “Yslam döwletiniň” söweşijilerine 135 howa zarbasyny urupdyr.

Kobaniniň kürt goragçylary bir aýdan gowrak wagt bäri “Yslam döwletiniň” gabawynda galýarlar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 20-nji oktýabrda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada eden çykyşynda Aziýanyň halklarynyň “Yslam döwletiniň” ektremistlerine garşy söweşde öz tagallalaryny güýçlendirmelidigini aýtdy.

Ol yslamçylaryň Günorta-Gündogar Aziýada, hususan-da Indoneziýada we Malaýziýada, adamlary hakyna tutmak işiniň öňüni almagyň zerurdygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 20-nji oktýabrda Moskwada eden çykyşynda YD garşy söweş üçin islendik halkara bileleşiginiň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň üsti bilen sazlaşdyrylmalydygyny nygtady.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän Britaniýada ýerleşýän gurama Türkiýe bilen serhediň golaýynda ýerleşýän Kobani şäherinde soňky iki gün bäri güýçli söweşleriň dowam edýändigi we kürt söweşijileriniň “Yslam döwletiniň” basyşyna garşy durýandygy barada habar berdi.

Gurama 18-nji oktýabrda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň kürtleriň ýerleşýän ýerilerine 50 çemesi top okuny atandygyny we awtoulagda goýlan iki sany bomba partlamasy arkaly zarba urandygyny aýtdy.

Adam hukuklaryna syn edýän bu gurama YD toparynyň hem agyr ýitgileri çekendigini habar berip, keselhanalardaky çeşmelerine salgylanyp, soňky dört günüň dowamynda Kobanide “Yslam döwletiniň” 70 çemesi söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy. Maglumata görä, 18-njy oktýabr bilen 19-njy oktýabryň daňdany aralygynda 31 çemesi jyhadçynyň söweşlerde öldürilendigini aýtdy.

Siriýanyň içindäki çeşmeleri bilen iş alyp barýan gurama “Yslam döwletiniň” 15 söweşijisiniň howa zarbalarynda, ýene 16 adamyň ýerdäki çaknyşyklarda öldürilendigini, kürt goragçylarynyň hem birnäçesiniň wepat bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG