Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Kobanä dyzaýar, BMG howpy duýdurýar


 Kobani, 10-njy oktýabr, 2014 ý.
Kobani, 10-njy oktýabr, 2014 ý.

Kürt söweşijileri 11-nji oktýabrda «Yslam döwleti» toparynyň jyhadçylarynyň Siriýanyň serhet şäheri Kobaniniň merkezine tarap edýän hüjümlerini togtatdylar, BMG, eger şäher ýan berse, müňlerçe asuda adamyň gyrylmak ähtimallygynyň bardygyny duýdurdy.

Bu hüjüm YD-nyň jeňçileri 10-njy oktýabrda şäheri goraýjylaryň baş edaralaryny ele geçirenlerinden bir gün soň boldy.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy YD-nyň hüjümi, jyhadçylar yza çekilýänçä, 90 minutlyk agyr söweş turuzdy diýdi.

Bu toparyň Siriýanyň içinde giň çeşmeler ulgamy bar we ol ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky uruş uçarlarynyň 11-nji oktýabrda şäheriň günortasyndaky we gündogaryndaky YD naşanalaryna garşy iki howa zarbasyny urandygyny aýdýar.

Türkiýeli kürtler serhede golaý açyk meýdanda raýdaşlyk namazyny okaýarlar. 10-njy oktýabr, 2014.
Türkiýeli kürtler serhede golaý açyk meýdanda raýdaşlyk namazyny okaýarlar. 10-njy oktýabr, 2014.

Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, Kobani şäheriniň içinde we töwereginde YD ilerlemeleri başlanaly bäri azyndan 554 adam öldürildi, olaryň – 298-si YD jeňçisi, 236-sy kürt söweşijisi, 20-si asuda adamlar.

"Srebrenisa gyrgynçylygynyň gaýtalanmak" howpy

BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Mistura Kobaniniň içinde we töwereginde henizem 12 müň asuda adamyň, şol sanda şäher merkezinde galan 700 sany gartaşan adamyň bardygyny, eger şäher jeňçileriň eline geçse, bu adamlaryň gyrylmak ähtimallygynyň uludygyny duýdurdy.

De Mistura 10-njy oktýabrda Kobani, türk serhedine tarap darajyk koridory hasaba almasaň, "göni manysynda gabalan" diýdi.

Ol 1995-nji ýylda Bosniýada bolan we müňlerçe adamyň gyrlan Srebrenisa gyrgynçylygynyň gaýtalanmagyndan gorkýandygyny aýtdy hem-de Türkiýäniň şäheri goramaga kömek üçin meýletinçilere rugsat we enjam bermegine çagyrdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Waşingtonda, 11-nji oktýabrda «Amerikanyň sesine» beren interwýusynda ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa, Kobanidäki wagtlaýyn şowsuzlyklara garamazdan, YD toparyny Yrakda we Siriýada «öz erkine» galdyrmaz diýdi.

Kerri koalisiýanyň YD toparyna garşy söweşmek tagallalarynyň ýaňy güýç alyp başlandygyny aýtdy.

PKK-nyň haýbaty

Kobaniniň kürt goragçylarynyň Türkiýäniň gadagan edilen Kürt Işçiler partiýasy (PKK) bilen ýakyn gatnaşyklary bar. Bu partiýa Türkiýäniň günorta-gündogarynda öz-özlerini dolandyrmak ygtyýaryny almak üçin otuz ýyllap gozgalaň etdi.

Ankara özüniň uly möçberdäki kürt azlygynyň gaýta-gaýta eden protestlerine we netijede 31 adamyň ölendigine garamazdan, Kobaniniň goragçylaryna kömek üçin serhetaşyr ýarag ýa-da kürt söweşijilerini ibermäge gaty göwünsiz garaýar.

PKK-niň uly resmisi Jemil Baýik 31 adamyň ölümine reaksiýa bildirip, bu toparyň Yrakdaky bazalaryndaky söweşijilerini yzyna Türkiýä çagyrandygyny hem hüjümleri dikeldip biljegini aýtdy.

Ýewropada, Germaniýanyň Duesseldorf şäherinde 20 müňden gowrak kürt YD-a garşy demonstrasiýa geçirdi. Germaniýada 1 million töweregi kürt ýaşaýar.

Awstriýada, günbatar şäher Bregenzde bolsa, radikal musulmanlar kürt demonstrasiýasyna hüjüm edende iki adam agyr ýaralandy.

Parižde 5 müňden 6 müňe çenli adam Kobanä raýdaşlyk görkezdi, Fransiýanyň beýleki käbir ýerlerinde hem kiçiräk raýdaşlyk ýygnanyşyklary boldy.

YD-nyň Yrakdaky basyşy

Şu arada amerikan resmileri YD söweşijileriniň goňşy Yrakda, Bagdat bilen serhet arasyndaky Anbar welaýatynda goşunyň gowuşgynsyz pozisiýalaryna basyşy güýçlendirýändigini duýdurdylar.

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesi öz uçarlarynyň demirgazyk Yrakda YD-nyň basyşy astyndaky hökümet goşunlaryna 10-11-nji oktýabrda ok, azyk we suw taşlandyklaryny aýtdy.

Şu aralykda Bagdadyň iki şaýy mähellesinde partladylan ulag bombalarynyň azyndan 38 adamy öldürip, 54 adamy ýaralandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG