Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara: Türkiýä 130 müň siriýaly kürt geçdi


Siriýaly bosgunlar Türkiýä geçýärler. 22-nji sentýabr, 2014 ý.
Siriýaly bosgunlar Türkiýä geçýärler. 22-nji sentýabr, 2014 ý.

Ankaranyň berýän maglumatyna görä, soňky iki günüň dowamynda Siriýada hereket edýän “Yslam döwleti” atly jyhadçylaryň hüjümleri zerarly 130 müň töweregi siriýaly kürt Türkiýä geçipdir.

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasarynyň 22-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, Türkiýäniň häkimiýetleri ýene-de has köp adamyň ýurda geçmegine garaşýarlar. Numan Kurtulmuş Türkiýä ýüzlerçe müň bosgunyň hem gelip biljekdigini aýtdy.

“Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri Siriýanyň serhediniň golaýyndaky Ain al-Arab şäheriniň onlarça obasyny eýeländen soň, sebitiň kürtleri Türkiýä geçmäge mejbur boldular.

“Reuters” habarlar gullugynyň Siriýanyň kürt güýçleriniň metbugat wekiliniň sözlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, kürtler şäheriň gündogar böleklerinde “Yslam döwleti” toparynyň hüjümini saklap bilipdirler.

Kürtleriň esasy haby topary bolan ÝPG-den bolan Redur Kselil söweşijileriň öňe ilerlemeginiň öten agşam togtadylandygyny aýtdy. Emma ol çaknyşyklaryň häzir hem dowam edýändigini mälim etdi.

BBC media korporasiýasynyň maglumatynda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň şäherde agyr ýaraglary we artilleriýa toparlyny ulanýandyklary nygtalýar.

Çagyryş

Kürtleriň Türkiýedäki jeňçi PKK topary 22-nji sentýabrda öz egindeş kürtlerine ýüzlenip, Siriýa geçip, şol ýerde “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy söweşmäge çagyrdy.

BBC Türkiýäniň kürt söweşijilerini Siriýa geçmekden saklajak bolýandygyny habar berýär.

Howpsuzlyk güýçleri 21-nji sentýabrda Türkiýäniň kürtleri üçin Küçük Kendirjiler serhet geçelegesini ýapdy.

Mundan bir gün öň ýüzlerçe kürt söweşijileri bu geçelgeden Siriýa geçdi diýip, düýbi Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary boýunça Siriýanyň synçy topary maglumat berýär.

Ain al-Arab Siriýadaky kürtleriň üçünji oturymly şäheri bolup, ol “Yslam döwleti” toparynyň hüjüminden öň belli bir derejede howpsuz ýer hasaplanýardy.

Türkiýe soňky günlerdäki bosgunalryň akymyndan ozal-da Siriýadan bu ýurda gelen millionlarça bosgunlary saklajak bolup tagalla edýärdi.

XS
SM
MD
LG