Şu günler Türkmenabat şäherinde her gün ertir irden tä agşama çenli diýen ýaly abatlaýyş, arassaçylyk işleri geçirilýär: köçeler oňarylýar, jaýlaryň daşky keşbine serenjam berilýär.
Bu işler şu aýyň 20-sine geçiriljek Ýaşulular maslahatyna we Garaşsyzlyk baýramynda boljak dabaralara görülýän taýýarlyklaryň çäginde amala aşyrylýar.
Şol bir wagtda şäheriň arassaçylyk-abatlaýyş işleri bilen birlikde şu günler şäheriň dürli künjeklerinde prezidenti, hökümeti wasp ediji sazlaryň fonunda tans edýän ýa-da sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirýän ýaşlara duş gelse bolýar. Her gün talyp ýaşlar, edara-kärhanalaryň işgärleri resmileriň, has dogrusy prezidentiň öňünde görkeziljek teatrlaşdyrylan sahnalara taýýarlyk görýärler.
Repetisiýalar
Ýokary we ýörite bilim berýän okuw jaýlarynyň kollektiwleriniň köpüsi her gün günortandan soň sagat 2-de repetisiýalar geçirilýän ýerlere ýygnanmaly edilipdirler. Repetisiýa edilýän ýerler hem Türkmenabadyň "Derýaçylar" we "Zähme" stadionlary.
Emma dabaralarda çykyş etjek ýaşlaryň tutuşlygyna okuwlaryndan boşadylanlarynyň hem bardygy aýdylýar. Olar hem, esasan, tansçy gyzlar we goşgudyr dürli sahnalary oýnajak talyplardan ybarat.
“Men täze kitaphananyň açylyş dabarsynda we ýaşulular maslahatynda gül bulap durmaly. Her gün sagat ikiden soň repetisiýa gelmeli, ýöne tansçy gyzlaryňky kyn, olar köplenç irdenden taýýarlyk görmäge başlaýarlar” diýip, Türkmenabat şäheriniň liseýleriniň biriniň özüni Şemşat diýip tanadan talyby gürrüň berýär.
Täze binalaryň açylyş dabaralarynda, ýaşulular maslahatynda we garaşsyzlyk baýramynda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmeli talyplar we döwlete degişli käbir edara-kärhana işgärleri görülýän taýýarlyklara öz hasabyna barýarlar we iýmiti-de öz hasabyna satyn alýarlar.
Haýbatlar
Şol bir wagtda bu taýýarlyk çäreleriniň guramaçylygyna jogapkär resmileriň ýaşlara gödek daraşýan halatlary, paýyş sözler bilen ýüzlenip, haýbat atýan ýagdaýlary hem seýrek däl. Dabaralara taýýarlyklarda eli mikrofonly ýörite türgenler tansçy we beýleki talyplara haýbat atyp, üstlerine gygyryp, tälim berýärler.
Mundan başga-da ýaşulular maslahaty sebäpli döwlete degişli edara-kärhanalaryň, esasan-da bilim işgärleri üçin her gün ýygnaklar geçirilýändigini ýerli mugallymlaryň biri Azatlyk Radiosyna aýty.
“Her gün ýygnak, her gün ýygnanmaly. Ýygnaklarda-da Ýaşulular maslahatynda özüňi nähili alyp barmaly. Nähili gürrüňleri etmeli, nähili gürrüňleri etmeli däl, şular barada gaýta-gaýta aýdylýar” diýip, mugalym zeýrenýär.
Mugallymyň sözlerine görä, ol Ýaşulular maslahatyna gatnaşýan enelere myhmanhanalarda hyzmat etmek üçin bellenipdir.
Türkmenabat şäherinde geçiriljek Ýaşulular maslahatyna we Garaşsyzlyk baýramyna gabatlap geçirilýän çärelere müňlerçe adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.