Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keramatly dokuzlyk


Ähli zady ýerbe-ýer bolan adama onuň “dokuzy düzüw” diýilýär.
Ähli zady ýerbe-ýer bolan adama onuň “dokuzy düzüw” diýilýär.

Uniwesitetde okaýan döwrümde, dosent Haýdar Muhyýew ýa-da professor Mämmetnazar aga Hydyrow leksiýa arasynda geň sanlar barada aýdyp geçdi. Meselem; 3, 7, 9, 40… Adamlar bu sanlary nähilidir mifiki güýje eýe diýip düşünipdirler. Şonuň üçin olar durmuşda köp agzalýar. Käbir belli çäreler şol sanlara laýyklanyp edilýär. Sebäbi adamlarda ol sanlaryň nähilidir keramat bilen baglanyşygy bolmaly diýen ynanç bar.

Dokuzlyk hakda

Klassyky edebiýatymyzda hem halk arasynda mifiki sanlaryň biri 9-lyk bolsa gerek. Olardan häli-şindi gaýtalanýany “dokuzy düzüw” diýen jümle ýa-da düşünjedir.

Ähli zady ýerbe-ýer bolan adama onuň “dokuzy düzüw” diýilýär. Beýleki bir ýagdaýda: “Adamyň hiç wagtda dokuzy düzüw bolmaýar” diýlen düşünje hem bar.

Türkmen diliniň frazeologiki sözlüginde “dokuzy düzüw” diýen jümle barada şeýle diýilýär.

«Dokuzy düzüw – durmuşda zerur zatlary ýerbe-ýer bolan, kem zady bolmadyk» (“Türkmen diliniň frazeologiki sözlügi” Aşg. 1976. 165.)

Görşümiz ýaly, bu düşündiriş örän umumy. Durmuşda zerur bolan zatlary ýerbe-ýer etmek üçin, dokuz däl, belki, togsan dokuz zat gerekdir.

Paýhasly sözi söýýänler mal-baýlyk bilen baglanyşykly dokuz zerurlygy aýdýarlar. Maddy barlyk bilen baglanyşykly dokuzlyk, şeýle-de jan saglygy, beden abatlygy bilen baglanyşykly dokuzlyklar hem bar. Gyz-gelinlere degişli halat-serpaý bilen baglanyşykly dokuzlyk has ýörgünli.

Biz şolardan diňe ynsanyň ruhy dünýäsine zerur bolan dokuzlyk hakda aýtmakçy.

Munuň üçin “Görogly” eposyna ýüzlenýäris. Bu şadessanda şol dokuzlyk azyndan iki gezek gelýär.

Jygaly begden galan dokuzlyk

Jygaly beg diňe Göroglynyň däl, ähli türkmeniň atasy ornunda. Jygaly begiň öwüt-ündewi köp. Olaryň bary-da gymmatly. Ýöne onuň Görogla aýdan iň soňkty wesýeti aýratyn gymmatly. Ol şu setirler bilen başlanýar.

Ýalňyz balam, algyn pendim,
Ýurduň terk eýleýji bolma!

Biz mekdepde okaýan döwrümizde, goşgyny ýat tutmalydyk. Bu ýat tutanyňa degýär.

Bu goşgy dürli golýazmalarda dürlüçe gelýär. Şolardan Ata Gowşudowyň we Mäti Kösäýewiň çapa taýýarlan, Durdy Haldurdynyň redaktirlän “Göroglusyna” ýüzlenýäris. Ol kitap 1980-nji ýylda çap bolupdy.

Şeýlelikde, 59-njy sahypada gelýän esasy 9 öwüt.

  1. Ýurduň terk eýleýji bolma.
  2. Namardyň minnetin çekiji bolma.
  3. Bedasyl bile mähriban bolma.
  4. Il-halkyň bir iş tutsa, Sen ondan galyjy bolma.
  5. Gury agaja nähak gan çalyjy bolma (Günäsize sütem etme)
  6. Şat bol il-halkyň göreňde, Sözün al geňeş berende.
  7. Bir garyp aglap duranda, Ýanynda gülüji bolma.
  8. Myhman gelse etgin söwüş – myhmany hormatla.
  9. Namardy kowlyjy bolma! (Ýaramazy yzarlap ýörme).

Göroglynyň adýan dokuzlygy

Öz gezeginde Görogly hem 9 öwüdi ýa-da 9 zerurlygy gözýaş bilen ýatlap geçýär. Görogly goç ýigide zerur bolan 9 möhümligi öz göreşli ýolunyň başynda goýýar.

Bu örän kämil klassyka bolansoň, 75-nji sahypada gelýän goşgyny tutuşlygyna alýarys.

Owal başda Hudaýymdan,
Döwlet gerekdir ýigide. 1
Ýykylanda goldamaga
Medet gerekdir ýigide. 2

Gala-gala sözleşmäge,
Ner-bugra dek dyzlaşmaga,
Ar-namysy yzlaşmaga,
Dogan gerekdir ýigide. 3

Duwly zerefşan saçakly,
Işigi eýwan ojakly,
Uzyn boýly, giň gujakly
Gözel gerekdir ýigide. 4

Atyn jaýynda baglaýan,
Kesip jigerin daglaýan,
Ölende zaryn aglaýan
Naçar gerekdir ýigide. 5

Atdyr ýigidiň ýoldaşy, 6
Oguldyr döwletiň başy, 7
Gyz hem bolsa köňül hoşy, 8
Zürýat gerekdir ýigide.

Goç ýigitler nesihatda,
Muhannesler parahatda,
Görogly beg, ahyretde
Iman gerekdir ýigide.

Eýsem, mundan kämil dokuzy nädip sanap bolar? Şol dokuzy mundan düşnükli, mundan täsirli nädip aýdyp bolar?

Şeýlelikde, bu maddy dünýäde owaly bilen ýigide döwlet – Hudaý beren baýlyk gerek. Töwerek-daşyňda medet berip duran dostlaryň-ýoldaşlaryň bolsa, ar-namysy yzlaşyp bilýän doganyň, gowy öý-işigiň, bol saçagyň hem ýüzi açyk maşgalaň, seniň üçin bagryny paralajak aýal doganyň, atyň, ogluň-gyzyň – umuman, çagalaryň, ahyrynda hem imanyň bolsa, adamyň dokuzy bitse gerek.

Elbetde, Göroglynyň özünde ol aýdylýanlaryň deň ýarysy ýok. Görogly diňe olaryň gerekdigini aýdypdyr.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG