11-nji sentýabrda türkmen telewideniýesinde adatça duş gelinmeýän habar görkezildi. Şol habarda jenaýat edildi diýilýän waka barada gürrüň edilip, jenaýaty amala aşyrdy diýilýän adamlar görkezildi.
Türkmenistanyň telewideniýesinde adatça, ýol heläkçiligi boldy diýen ýaly negatiw habarlar hem berilmeýär.
Azatlyk Radiosy bu mesele barada garaýyşlaryny bilmek üçin aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.