Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Ýakyn Gündogar saparyna başlady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (Ç) Yragyň täze premýer-ministri Haýdar al-Abadi biler gürleşýär. Bagdad, 10-njy sentýabr, 2014.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (Ç) Yragyň täze premýer-ministri Haýdar al-Abadi biler gürleşýär. Bagdad, 10-njy sentýabr, 2014.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Ýakyn Gündogara saparynyň çäginde, «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy herekete goldawy güýçlendirmek üçin, Bagdada bardy.

Kerri öňünden yglan edilmedik saparynyň dowamynda premýer-ministr Haýdar al-Abadi bilen duşuşdy. Al-Abadynyň hökümeti şu hepde, jeňçi gurama garşy durmak üçin milli bütewülik kabinetini gurmak barada halkara basyşyna sezewar bolandan soň, parlament tarapyndan tassyk edildi.

Ak tamyň metbugat sekretary Joş Irnest (Josh Earnest) 9-njy sentýabrda Waşingtonda žurnalistleriň öňünde eden gysgaça çykyşynda prezident Obamanyň çarşenbe güni «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy söweş planlary barada söz sözlejegini aýdyp, şeýle diýdi:

“Prezident [Obama] biziň yraklylary goldamakdaky dowamly tagallalarymyz barada söz sözlär, indi olaryň köp tarapy öz içine alýan hökümeti we birleşen ýurdy bar. Bu ýerde Birleşen Ştatlaryň möhüm roly bar we Birleşen Ştatlaryň harbylary yraklylara öz ýurtlaryndaky «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy söweşde goldaw bermeli.»

Kerriniň sapary Yrakda we Siriýada uly territoriýany eýeleýän «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy söweşde harby, syýasy we maliýe goldawyny güýçlendirmäge gönükdirilen diplomatiki hüjüme başlamak üçin edilýän regional syýahatyň bir bölegidir.

Bu Saud Arabystanyny hem öz içine alyp, Kerri 11-nji sentýabrda Yragyň, Iordaniýanyň, Müsüriň, Türkiýäniň we Aýlak Hyzmatdaşlygy geňeşiniň alty ýurdunyň wekilleri bilen duşuşar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň 10-njy sentýabr güni giçlik, Praga wagty bilen 11-nji sentýabr güni ir sagat üçde, Birleşen Ştatlara 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda edilen terror hüjümleriniň ýyl dönüminiň hatyralanmagynyň öňüsyrasynda sözlejek sözünde «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerini ýeňmegiň strategiýasyny kesgitlemegine garaşylýar.

Obama 9-njy sentýabrda kongres liderlerine özüniň, Kongres tassyklamasyny almazdan hem, «YD» jeňçileriniň garşysyna görülýän harby çäreleri ýaýbaňlandyrmaga ygtyýarynyň bardygyny aýtdy.

Emma ol özüniň kanun çykaryjylardan Siriýanyň has aram oppozisiýa toparlaryny ýaraglandyrmaklyga we olara tälim bermeklige çaltrak ygtyýar bermegi sorajakdygyny aýtdy.

Şeýle-de prezident Birleşen Ştatlaryň «Yslam döwleti» toparynyň Yrakdaky nyşanalaryna garşy has giň howa zarbalaryny urmagyny we ol zarbalary Siriýa çenli giňeltmegini hem buýrup biler.

«Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri özleriniň ele geçiren ýerlerinde musulman dällerden we şaýy musulmanlaryndan köp adamy jezalandyryp öldürmek bilen, rehimsiz kampaniýa geçirdiler.

Geçen aý olar, Birleşen Ştatlaryň özleriniň Yrakdaky güýçlerine garşy uran howa zarbalary üçin ar alyş atlandyryp, iki amerikan žurnalistiniň kellesini kesdiler.

XS
SM
MD
LG