Türkmenistanyň oba ýerlerinde köplenç guýular, skwažinalar agyz suwuň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar. Soňky döwürde türkmen metbugatynda raýatlary öz skwažinalary barada maglumat bermäge çagyrýan bildirişler çap boldy. Bildirişi çap eden geologiýa gullugy häzirki wagtda döwlet kärhanalarda we hususy hojalyklarda ulanylýan skwažinalaryň diňe hasabyny ýöretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýdýan hem bolsa, bildiriş käbir raýatlarda aladalanma döretdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa ýurtda skwažinalaryň ilatyň suw üpjünçiligindäki ähmiýeti barada Lebaply pensioner Hojanazar aga bilen söhbetdeş boldy.