Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Prezident öwülmeginden lezzet alýar"


 "Dünýäde ykrar edilen lider"
"Dünýäde ykrar edilen lider"

Türkmenistanda iki hepde içinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen bagly üç kitap çapdan çykdy.

Olaryň birinjisi Berdimuhamedowyň «Saýlanan eserleriniň» 7-nji tomy bolsa, beýlekisi prezidentiň milli medeniýet hakynda aýdan sözlerini öz içine alýar; üçünji kitap prezident Berdimuhamedow hakynda tanymal adamlaryň aýdan sözlerinden düzülip, «Dünýäde ykrar edilen lider» diýlip atlandyrylypdyr.

Azatlyk radiosy bu täzelikler barada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasy-ykdysady we medeni durmuşy bilen ýakyndan gyzyklanýan gyrgyz žurnalisti, birnäçe kitabyň awtory Amirbek Usmanow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda ýa-da ol hakda iki hepde içinde üç kitap, türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edildi. Şu hili habarlar sizde nähili pikir-duýgulary döredýär?

Amirbek Usmanow: Haçanda tutuş bir jemgyýet bir lideriň kultuna tabyn edilende, bu adaty bir waka. Ýöne iki hepde içinde üç kitap çyksa, bu gülkünç. Bu Staliniň, Brežnewiň döwürlerine mahsus bir zat.

Amirbek Usmanow
Amirbek Usmanow

Mysal üçin, L.Brežnewiň «Tarp ýer», «Kiçi ýer» kitaplary öz wagtynda Lenin baýragyna mynasyp bolup, ol bu baýragy almakdan utanmandy. Soň bolsa bu kitaplary Brežnewiň özüniň ýazman, başga birleriniň ýazandygy belli boldy. Ikinji tarapdan, eger lider hakynda ýazylan kitap çykarylsa, meniň pikirimçe, bu barypýatan ýaranjaňlyk bolýar.

Prezident jemgyýet, halk tarapyndan menejer hökmünde hakyna tutulýar, men bolmalysyny aýdýaryn. Eger-de syýasy-ykdysady, içerki problemalara sarp edýän wagtyndan soň kitap ýazmaga hem wagt tapýar diýilse, «Ol haçan dynç alýar, haçan pikir edýär?» diýen sorag döreýär.

Başga tarapdan, şunuň ýaly awtoritar ýa-da ýapyk jemgyýet bütin jemgyýeti, daşyndaky sredany, medeniýet we sungat işgärlerini, eger bar bolsa, syýasatçylary dyzyna çökerýär, ýagny olary özi hakynda ikiýüzlilik etmäge mejbur edýär.

Azatlyk radiosy: Siz muny nämä esaslanyp şeýle kesgitli aýdyp bilýärsiňiz? Belki olar hakykatdanam öz liderlerini çyndan hormatlaýandyrlar?

Amirbek Usmanow: Sebäbi biz Brežnew dünýäsini başgalandan soň bolan zatlary, ýa-da bolmasa şonuň ýaly başga bir ýazyjy, edebiýatçy Şaraf Raşidow ýogalandan soň bolan zatlary gaty gowy bilýäris. Olaryň edebi döredijiligini bada-bat ýatdan çykardylar.

Başga tarapdan, bu kitaplaryň hemmesi olaryň özleri tarapyndan ýazylan zat däl, bu bir kollektiwleýin zähmet, olary komanda, ýagny prezidentiň komandasynda işleýän edebiýatçylar ýazýar.

Eger, aýdaly, interwýu, söhbetdeşlik bolsa, gowurak bolardy. Şeýle bolanda biz, ýagny synçylar, ekspertler prezidentiň syýasy, teoretiki taýýarlygy, akyl taýdan ukyp-başarnygy babatda has köp zat bilip bilerdik. Emma häzirki ýagdaýynda men bu hadysa, ýagny tutuş jemgyýete däl-de, eýsem ýurtda şeýle kitaplaryň prezentasiýalaryny taýýarlaýan çinowniklere ýaňsy, kinaýa bilen seredýärin. Sebäbi ol kitaplar okalmaýar.

Mundan öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň hem kitaplary çykarylypdy, olar mekdep programmasyna hem girizilipdi. Emma bu gün halk olary ýatlamaýar. Şol bir wagtda Magtymgulyny we beýleki şahyrlary höwes bilen okaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdyşyňyzdan hemme zat şeýle aýdyň, düşnükli, ýagny prezidentiň kitap ýazmagy Nyýazow döwründe hem ýalňyşlykdy, häzirem şeýle. Onda prezident Berdimuhamedow näme üçin Nyýazowyň ýalňyşyny gaýtalaýar?

Amirbek Usmanow: Sebäbi bu oňa hoş ýakýar. Töweregindäki adamlar hemişe patyşanyň halaýan, göwnünden turýan zatlaryny edýärler. Olar şoňa uýgunlaşýarlar. Ýagny men Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň wasp edilmeginden, şeýle parasatly, tas pygamber ýaly edilip suratlandyrylmagyndan lezzet alýandygyna şübhelenmeýärin. Men hatda onuň özüni şeýle diýip hasaplaýandygyna hem şübhelenmeýärin.

Eger şeýle bolmasa, aýdaly sowatly-bilimli wraç, hökümetde birnäçe ýyl işlän adam nädip muňa ýan berip bilýär?

Bagyşlaň welin, bu onuň biliminiň kemterligini, dünýä taryhyny bilmeýändigini, hatda seljuk hökümetinde we Merkezi Aziýada bolan şalaryň, hanlaryň taryhyny hem bilmeýändigini görkezýär.

XS
SM
MD
LG