Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Separatistler Günbatardan ýardam gözleýärler


Orsýete tarapdar separatistler tarapyndan eýelenen hökümet binasynyň öňünde "ABŞ we ÝB Ukrainadan el çekiň" ýazgyly plakat, Donetsk, 10-njy aprel, 2014.
Orsýete tarapdar separatistler tarapyndan eýelenen hökümet binasynyň öňünde "ABŞ we ÝB Ukrainadan el çekiň" ýazgyly plakat, Donetsk, 10-njy aprel, 2014.

Iňlis dilinde, şeýle-de Facebookdaky toparlarda gündelik azyndan dört dilde wideohabarlary ýerleşdirmek arkaly orsýetparaz separatistler ors dillilerden başga ilatyň hem goldawyny gazanmaga dyrjaşýana meňzeýärler.

Täzelikler agentlikleriniň Brýusselde bolan gol çekişlik barada görkezen wideolarynyň arkasyndan berilýän iňlis dilindäki ses Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen söwda boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekendigi barada gürrüň berýär.

Munuň yz ýany ors aksentli ses: “Ýatladyp geçsek, Palestin Awtonomiýasy ÝB bilen 1997-nji ýylda assosiatiw ylalaşyga gol çekipdi” diýip, aslynda gürrüň berýän temasy bilen görer göze baglanyşygy bolmadyk bir maglumaty öňe sürýär.

Bu Ukrainada orsýetparaz separatistleri goldaýan “Günorta front” atly toparyň çap edýän gündelik wideotäzelikleriniň diňe biri.

“Ukrain goşunlary raýatlary köpçülikleýin öldürmegi dowam etdirýär” diýen tassyklanmadyk maglumatlar bilen başlanýan ençeme widehabarlary çap edýän we şeýdibem ors dilli ilatyň arasynda öz täsirini has-da artdyrmaga dyrjaşýan separatistleriň media ýaranlarynyň dürli tagallalarynyň bu diňe biri.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Kiýewde Ýewropa Bileleşigine girmegiň tarapyny tutýan protestler başlanaly bäri günbatarçy Ýewromaýdan hereketine gatnaşýanlar öz maglumatlaryny köpçülige ýetirmek üçin iňlis dilindäki sosial mediadan peýdalanypdylar.

Iňlis dilindäki bu Twitter sahypasyna 34500 yzarlaýjy, Facebookdaky iňlis dilindäki täzelikler sahypasyna bolsa onlarça müň adam ýazylypdyr.

Separatistleriň media "guraly"

Orsýetparaz separatistleriň garaýyşlary daşary ýurt dilinde ozal, esasan, Orsýetiň döwlet tarapyndan dolandyrylýan we iňlis dilinde gepleşik berýän “Russia Today” täzelikler kanaly arkaly öňe sürülýärdi. Ýöne soňky döwürde olar has uly goldaw gazanmak maksady bilen sosial medialar arkaly öz maglumatlaryny ýaýratmak boýunça-da öz tagallalaryny has güýçlendirdiler.

Iýun aýyndan başlap onlarça müň adam, esasan separatistleriň tarapdarlary, #savedonbasspeople haştag alamaty bilen tweet maglumatlaryny çap edýärler.

Maglumatlar gündogar Ukrainadaky zorluklarda hökümet goşunyny aýyplaýan köplenç iňlis dilinde ýazylan ýazgylary göterip duran çagalaryň suratlary bilen bezelip çap edilýär.

Aprel aýyndan, ýagny orsýetparaz separatistleriň Donetskde we Luganskda hökümet edara jaýlaryny eýeläp başlaly bäri, hökümet güýçleriniň we gozgalaňçylaryň arasynda bolan söweşler zerarly, BMG-niň maglumatyna görä, 400-den gowrak adam, şol sanda harbylar, separatist söweşijiler we parahat ilatdan bolan adamlar wepat bolupdyrlar.

“Günorta frontuň” Facebookda iňlis dilindäki maglumatlary çap edýän sahypasyna 11500 gowrak adam ýazylypdyr. Bu sahypada bolsa ýörite saýlanan, esasan, “LifeNews” ýaly orsýetparaz habar çeşmelerinden alnan maglumatlar berilýär. Wideotäzelikleri ýaýradýan bu agentligiň Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri bilen ýakyn gatnaşykda bolup, Ukraina we Günbatara garşy çeşmeler bilen bagly iş alyp barýandygy çak edilýär.

Bu agentligiň aşakda ýerleşdirilen maglumatynda ukrain goşunlarynyň mekdepleri, kärhanalary, ýaşaýyş jaýlaryny, garry zenanlary we çagalary ýörite nyşana alýandygy barada galp maglumat berilýär. Bu maglumat internetde dürli adamlar tarapyndan 283 gezek paýlaşylypdyr.

Daşarky duýgudaşlyk

“Günorta frontuň” sahypasy Orsýetiň we Ukrainanyň daşynda ýerleşýän we separatistlere duýgudaşlyk bildirýän meýletinçileriň işine gurnamak boýunça gural hökünde hem ulanylýar.

Sahypanyň mazmuny ýaňy-ýakynda ýene-de azyndan üç dile, şol sanda wenger, polýak we nemes dillerine terjime edilip başlandy. Agzalan saýt bu galp maglumatlary dürli dillerde ýaýratmak üçin kömek sorap, sosial medianyň ulanyjylaryna ýüzlenende, bu çagyryşa slowak, çeh, fransuz, ispan, italýan, litwa we norweg dillerine terjime etmäge höwes bildiren meýletinçilerden jogaplar geldi.

Toparyň kim tarapyndan dolandyrylýandygy ýa-da onuň daşardan kimler tarapyndan maliýeşdirilýändigi belli däl.

AÝ/AR-nyň habarçysynyň kommentariý sorap, Facebook we Twitter arkaly ýazan hatyna administratorlar tarapyndan hiç hili jogap bolmady.

Saýtda pikir paýlaşýanlaryň esasy böleginiň Ýewropada ýaşaýan we Ýewropa Bileleşigine garşy pikirli adamlar bolmagy ahmal.

Moskwanyň goldawy

Moskwa Ýewropany tankyt edýän we aşa sagçy partiýalary yzygiderli goldap gelýär.

Partiýalaryň ençemesi, şol sanda Fransiýanyň “Milli fronty” we Wengriýanyň “Jobbik” atly topary Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerini goldaýarlar.

Serbiýaly, sloweniýaly, italiýaly, germaniýaly we wengriýaly ulanyjylaryň Orsýete goldaw, ÝB-e garşylyk bildirip çap edýän maglumatlarynda antisemitistik leksika köp ulanylýar.

Agzalýan orsýetparaz maglumatlary fransuz diline meýletin terjime etmäge taýýarlyk bildiren fransiýaly ulanyjy AÝ/AR-a ýazan maglumatynda Ukrainanyň “faşistlere” daýanýandygy barada Moskwa tarapyndan öňe sürülýän aýyplamalara, hamana, özüniň-de göz ýetirendigini aýdýar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik 29 ýaşly mugallym şeýle ýazýar: “Men günbatar Ukrainadakylar ýaman, ýurduň gündogaryndakylar bolsa gowy oglanlar diýmek islemeýärin. Emma bu, şübhesiz, günbatar mediasynda eşiden zatlarymdan hakykata has ýakyndyr”.

XS
SM
MD
LG