Oswensimiň azat edilmeginiň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda, adatça bir gamgyn çärä, nasistleriň ölüm lageriniň ýesirleriniň halas edilmegi bilen bagly taryh üstündäki dawanyň möwjemegi zerarly kölege düşdi.
2014-nji ýyl Orsýetiň propaganda serişdeleriniň ýurduň daşynda güýçli aktiwleşen ýyly boldy. Kreml ýurduň içinde adamlary özüne ynanmaga, ýurduň daşynda adamlaryň pikirini garjaşdyrmaga çalyşdy.
Awiasiýa eksperti we awiahadysalar boýunça ozalky derňewçi Orsýetiň Malaýziýanyň urlan uçary baradaky tassyklamalaryna ynanmak juda kyn diýýär.
KGB-niň arhiwiniň öňki ýokary derejeli işgäri Wasiliý Mitrohin on ýyldan gowrak wagtlap müňlerçe dokumenti ýygnady we ýene-de sekiz ýyllabam olary tertipleşdirdi, soňam 1992-nji ýylda Beýik Britaniýa gaçyp çykdy.
Orsýetiň gazynyň söwdasyna degişli maglumatlaryň barlanmagy gazyň nyrhynyň dürli ýurtlar üçin tapawutlanýandygyny görkezýär. Orsýetiň gazynyň bahasy ýewropaly hyrydarlar üçin birmeňzeş däl.
Iňlis dilinde, şeýle-de Facebookdaky toparlarda gündelik azyndan dört dilde wideohabarlary ýerleşdirmek arkaly orsýetparaz separatistler ors dillilerden başga ilatyň hem goldawyny gazanmaga dyrjaşýana meňzeýärler.
Dokuz aý ozal dünýäniň ünsi Siriýa raketa zarbalarynyň urulmak ähtimallygyna gönügipdi. Emma indi dünýä we sebit güýçleri täze howp-hatarlara garşy çäre görmegiň ýollaryny ölçerip-dökýärler.
Orsýetiň döwlet telewideniýesi uýatly bir ýagdaýda tutuldy, onuň “hakyna tutulan daşary ýurtly” we “orsýetparaz patriot” diýip geçiren iki sany söhbetdeşliginde şol bir adam görkezildi.
Kremliň öz käbir goňşularynyň BMG-de Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini ýazgarmak boýunça geçirilen ses berişlik mahalynda nirede bolandygyna geň galýan bolmagy mümkin.
Krymyň orsýetparaz liderleri ýarym adany Ukrainadan bölüp aýyrmak boýunça synanyşyk edýärkä, krym tatarlarynyň liderleri Türkiýeden ýardam soraýarlar.
Stambulyň merkezinde ýerleşýän märekeli Istiklal köçesinde adamlaryň başyny galdyrman, gözüni smart, ýagny ýeserje telefonlaryndan sowman öz ugruna geçip gitmegi adaty zat hasaplanýar.
Türkiýeli futbol janköýerleriniň arasynda bolýan berk gapma-garşylyklary gören adamlar üçin ýurduň iň uly üç klubunyň tarapdarlarynyň birleşmegini görmek täsin bir ýagdaý.
Taksim meýdanynda demonstrantlar halka görnüşinde jemlenişip, sazyň astynda şadyýan tans edýärler. Şol halkadakylar köp dürli hem köp ugurly toparlary alamatlandyrýar.
Stambulyň hökümete garşy protest geçirilýän ýerinden uzak bolmadyk işçi mähellelerinde ýerli ilat esasan öz içlerinden çykan Rejep Taýyp Erdogany goldaýar.
ABŞ-nyň başlangyç mekdebinde bolan köpçülikleýin gyrgynçylykdan biraz soň, Orsýetde ýarag lobbistleri ýarag edinmäge gözegçiligi gowşatmaga çagyrýarlar.