Birleşen Milletler Guramasy Yrakda 5-22-nji iýun aralygynda 1,075 adamyň öldürilendigini çaklaýar. Bu aralykda sünnüleriň ýolbaşçylygyndaky söweşijiler ýurduň Anbar welaýatynyň we paýtagt Bagdadyň demirgazygyndaky sebitleriň esli bölegini eýelediler.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň metbugat wekili Rupert Kolwille 24-nji iýunda çykyş edip, öldürilen adamlaryň sanyny “iň azyndan” diýip, hasaplamalydygyny aýtdy.
Kolwille BMG-niň çak edýän sanlarynda bomba hüjümleriniň pidalarynyň, şeýle-de jezalandyrylyp öldürildi diýilýän parahat ýaşaýjylaryň, polisiýanyň we harby meýletinçileriň bardygyny aýdýar.
“Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) “Al-Kaýda” bilen ilteşikli bir topar bolup, ol iýun aýynda Mosul şäherini eýelände, 1,700 töweregi şaýy harby meýletinçilerini öldürendigini öňe sürdi.
Kerri bilen duşuşyk
24-nji iýunda Yragyň demirgazygyndaky Irbil şäherinde ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Yragyň Kürdüstan awtonomiýa regionynyň prezidenti Masud Barzani bilen duşuşdy. Bu Yrakda täze, has köp taraplary öz içine alýan hökümeti düzmek tagallalarynyň çäginde amala aşyryldy.
Yragyň hökümetiniň düzüminde sünni we kürt wekillerine has köp wekilçilik bermezlikde tankytlanýan premýer-ministr Nuri al-Maliki 23-nji iýunda Kerri bilen gepleşikleriniň dowamynda özüniň birnäçe günden, ýagny 5-nji iýulda wezipesinden çekiljekdigini aýtdy.
Kerri Barzani we beýleki kürt resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Yrakda “iň derwaýys meseläniň täze hökümeti düzmek tagallasydygyny” belledi.
Kerri kürt harbylarynyň howpsuzlyk güýçleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyna hem gowy baha berip, munuň netijesinde “Yragyň howpsuzlyk güýçlerine käbir goldawyň berlendigini we ISIL babatynda aradaky çyzyklary kesgitlemek ugrunda wajyp bolandygyny” aýtdy.
ISIL we sünni tire-taýpa söweşijileri 24-nji iýunda hem Anbar welaýatynda we Bagdadyň demirgazygyndaky sebitleri eýelemek ugrunda söweşdiler.
Yragyň harby resmileri ISIL-iň Mosul şäheriniň golaýyndaky möhüm nebit ýatagy Baijini ele alandygy baradaky beýanatyny inkär etdiler. Bu sebit häzirki wagtda söweşijileriň gabawynda galýar we şol sebäpdenem bu ýerde nebit almak işleri wagtlaýynça togtadyldy.
Hökümet güýçleri bu sebitdäki söweşijilere garşy howa hüjümleriniň amala aşyrylandygyny aýdýarlar. Bu maglumatlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.